HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-da iňlisçe–türkmençe sözlük neşir edildi

Sentýabr 12, 2025 | 16:15 |5956
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygynyň ýubileý 30 ýyllygyna gabatlanyp, çapa taýýarlanan “Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edilip, häzirki wagtda “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldyTürkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygynyň ýubileý 30 ýyllygyna gabatlanyp, çapa taýýarlanan “Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edilip, häzirki wagtda “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygynyň ýubileý 30 ýyllygyna gabatlanyp, çapa taýýarlanan “Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edilip, häzirki wagtda “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy. Kitaby bu linkden satyn alyp bilersiňiz!

Giň gerimli sözlük — 16 500 söz, ýörite adalgalar

Täze sözlük jemi 16 500 iňlis dilindäki sözleri we olaryň on müňlerçe türkmen dilindäki terjimelerini özünde jemleýär. Ol diňe umumy sözler bilen çäklenmän, hukuk, işewürlik, lukmançylyk, sport, emeli intellekt ýaly ugurlardaky ýöriteleşdirilen adalgalary hem öz içine alýar.

Bu neşir dürli toparlar üçin peýdaly gollanma bolup hyzmat eder: okuwçylar, talyplar, terjimeçiler, hukukçylar, ykdysadyýetçiler, lukmanlar, IT hünärmenler we halkara gatnaşyklary bilen meşgullanýan ähli okyjylar üçin giň mümkinçilikleri açýar. Kitabyň awtory we baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjow bolup durýar.

Halkara derejesinde ýokary baha

Sözlügiň girişi boýunça dünýäniň öňdebaryjy alymlary we ýolbaşçylary öz beýanatlary bilen çykyş etdiler. Olar - S. Frederik Starr (Amerikanyň Daşary syýasat geňeşinde Ýewraziýa boýunça alym, Jon Hopkins uniwersitetiniň professory) bu sözlügiň “Türkmen diliniň halkara derejesinde öz mynasyp ornuny almagyna” mümkinçilik berýändigini belläp, ony “diller arasyndaky möhüm köpri” hökmünde häsiýetlendirdi.

Erik Stýuart (ABŞ–Türkmenistan işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory) bolsa: “Açyk aragatnaşyk söwda we maýa goýumlaryň esasynda durýar. Bu kitap ýurtlarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine hyzmat eder” diýip belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky tikinçilik kärhanalarynyň boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler

Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky tikinçilik kärhanalarynyň boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler

15:05 Noýabr 02, 2026
Türkmen awangardyny öwrenmek: polşaly sungat hünärmenleri Türkmenistana sapar etdiler

Türkmen awangardyny öwrenmek: polşaly sungat hünärmenleri Türkmenistana sapar etdiler

13:30 Noýabr 02, 2026
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026