HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Bitaraplyk şäherçesi: Türkmenistanyň oba ýerlerinde durmuş nähili üýtgeýär

Sentýabr 11, 2025 | 23:31 |8128
11-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze Bitaraplyk şäherçesi açyldy11-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze Bitaraplyk şäherçesi açyldy
Çeşme: telecom.tm/ru/onlinetv

11-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze Bitaraplyk şäherçesi açyldy. Munuň özi oba ýerleriniň toplumlaýyn ösdürilýändiginiň mysaly boldy. Täze ilatly ýerler rahat ýaşamak, durmuş ugurly infrastrukturany berkitmek we sebitiň ykdysadyýetini janlandyrmak üçin şertleri döredýär.

Täze şäherçäniň çäginde 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, 420 orunlyk orta mekdebi, 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany bar. Mundan başga-da, bu ýerde söwda merkezi, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji gullugyň desgasy we abadanlaşdyrylan seýilgäh hereket edýär.

Bilermenleriň belleýşi ýaly, şeýle taslamalar oba ýerlerini özgerdip, ýaşamak we işlemek üçin amatly şertleri döretýär. Döwrebap enjamlar, ösen infrastruktura we dynç alyş zolaglary bolan amatly jaýlar adamlara dogduk mekanynda galmaga, ýaşlara bolsa – bilim almaga hem-de medeniýet işleri we sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän şertleri döredýär.

Şeýle hem ulag ulgamynyň ösdürilmegi möhüm netijedir: täze köprüler ýol hereketiniň üznüksiz hereketini üpjün edýär, şäherçäniň elýeterliligini ýokarlandyrýar we goňşy sebitler bilen ykdysady gatnaşyklary ýokarlandyrýar.

Ýerli ilatyň pikirnä görä, Bitaraplyk şäherçesi ýaly täze ilatly ýerleriň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşilmegi, şäher bilen oba ýerleriniň arasynda ýaşaýyş derejesiniň deňleşmegine, gurluşykda we durmuş ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem ýurtda täze iş merkezleriniň döremegine ýardam edýär.

Bitaraplyk şäherçesi diňe demirgazyk sebitiň ýaşaýjylary üçin täze ilatly ýer bolman, eýsem obalary ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň ýaşaýyşyň derejesine, durmuş taýdan jebislige we sebitlerde ykdysady ösüşiň geljegine nähili täsir edýändigini görkezdi.

Ozal, şu hepdäniň başynda Ahal welaýatynda täze Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy boldy.

Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde ýene bir täze ilatly ýeriň ýagny Bagtly zamana obasynyň açylyş dabary geçiriler.

  • ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026