HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygyň täze ädimleri ylalaşyldy

Sentýabr 11, 2025 | 22:42 |5827
11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeliniň arasynda duşuşyk geçirildi11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeliniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilçi rektory täze wezipä bellenmegi bilen mähirli gutlady we onuň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşlikde taraplar akademiki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. bu ýerde gürrüň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taýýarlygy barada boldy. Resminama bilelikdäki bilim, ylmy we medeni başlangyçlary giňeltmek üçin esas bolar.

11092025-tbilisi-sotrudnichestvo-universitetov-turkmenistan-gruziya (2).jpg

Ilçi durmuşa geçirilýän taslamalaryň üstünlikli tejribesine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda däp bolan gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Öz gezeginde rektor bilelikdäki okuw akademiki maksatnamalary, alyş-çalyşlary we medeni başlangyçlary işjeň goldamaga taýýardygyny mälim etdi.

Söhbetdeşler şeýle hem bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkemegine itergi berjek uniwersitetleriň ýolbaşçylary derejesinde ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

11092025-tbilisi-sotrudnichestvo-universitetov-turkmenistan-gruziya (3).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 07, 2026
Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

20:00 Oktýabr 07, 2026
Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

18:00 Oktýabr 07, 2026