HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple täze önümleri tanyşdyrandan soň dört modeli önümçilikden aýyrdy

Sentýabr 12, 2025 | 12:30 |8632
Indi bu modelleri diňe üçünji tarap satyjylardan satyn alyp bolýar. Häzirki wagtda Apple-iň resmi setirinde diňe iPhone 16, iPhone 16 Plus we iPhone 16e galdyIndi bu modelleri diňe üçünji tarap satyjylardan satyn alyp bolýar. Häzirki wagtda Apple-iň resmi setirinde diňe iPhone 16, iPhone 16 Plus we iPhone 16e galdy
Çeşme: 808.media

Apple iPhone 17 telefonlarynyň täze hataryny tanyşdyranyndan soň dört smartfon modelini – iPhone 15, iPhone 15 Plus, iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max – önümçilikden aýyrdy. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatlar habar berýär.

Indi bu modelleri diňe üçünji tarap satyjylardan satyn alyp bolýar. Häzirki wagtda Apple-iň resmi setirinde diňe iPhone 16, iPhone 16 Plus we iPhone 16e galdy.

9-njy sentýabrda Apple Park-daky Stiw Jobs adyndaky teatrda Apple-iň adaty sentýabr aýyndaky täze önümleriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kompaniýa täze iPhone Air-i we iPhone 17-niň täze hataryny hödürledi. Şeýle hem, Apple Watch we AirPods Pro enjamlaryna täzelenmeler girizildi. Täze önümler tanyşdyrylan gününde Apple-iň paýnamalarynyň bahasy 1,48% pese gaçdy. Bir paýnamanyň iň pes bahasy $233,3 boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

15:15 Iýul 31, 2026
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026