HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy terjimeçi wezipesine boş iş orny barada mälim etdi

Sentýabr 11, 2025 | 13:00 |5887
Pakistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy terjimeçi/protokol boýunça kömekçi wezipesine boş iş orny barada habar berdi.Pakistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy terjimeçi/protokol boýunça kömekçi wezipesine boş iş orny barada habar berdi.
Çeşme: english-place.ru

Pakistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy terjimeçi/protokol boýunça kömekçi wezipesine boş iş orny barada habar berdi.

Hünär drejesi: dalaşgärleriň bakalawr derejesi bolmaly, halkara gatnaşyklary, syýasaty öwreniş, jemgyýetçilik gatnaşyklary, iňlis dili ýa-da şoňa deň bolan ugry boýunça ýokary bilime üns berilýär.

Iňlis dilinden rus diline we tersine terjime boýunça şahadatnama ýa-da diplomyň bolmagy ileri tutulýar.

Iş tejribesi: azyndan 3 ýyllyk ýazuw/dilden terjimesi tejribesi bolmaly, diplomatik ýa-da halkara guramalarynda iş tejribesi has gowy görülýär.

Diller:dalaşgär iňlis, türkmen we rus dillerini (okamak, ýazmak, sözleýiş) ýokary derejede bilmeli.

Sürüjilik tejribesi: dalaşgär sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolmaly we azyndan bäş ýyl sürüjilik tejribesi bolmaly.

Başarnyklar: gepleşiklerde we ýazuw aragatnaşykda zerur bolan ýöriteleşdirilen tehniki terjime başarnyklary.

Ýokary derejeli döwlet wekilleri, senagat, ylym, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalary we beýleki diplomatik missiýalaryň wekilleri bilen aragatnaşykda başlangyçlyk, sabyrlylyk, üns berijilik, hem-de ýokary derejeli birsydyrgynlyk we diplomatiýa talap edilýär.

Üç diliň islendik birinde resminamalary çalt taýýarlamak ukyby. Tekst redaktoryny kämil derejede bilmek hökmanydyr.

Protokol bilimi: kabul edýän ýurduň protokol düzgünlerini doly bilmek, şeýle hem umumy edep-terbiýe we jemgyýetçilik gymmatlyklaryny bilmek zerurdyr.

Kompýuter başarnyklary: dalaşgär kompýuteri erkin ulanyp bilmeli. Saýlap almak prosesi: saýlap alnan dalaşgärler test synagyna/özara söhbetdeşlige çagyrylar.

Iş haky: iş haky bazar şertlerine laýyklykda bäsdeşlige ukyply bolup, dalaşgäriň başarnyklaryna görä kesgitlener.

Arza tabşyrmak tertibi: gyzyklanýan dalaşgärler şahsy maglumatlaryny aşakdaky salgy boýunça Pakistanyň Ilçihanasyna tabşyrmaly: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk köçesi, 4/1.

Telefon: (4993-12) 48-21-31 ýa-da elektron poçta arkaly: Ashgabat1947@proton.me

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026