HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Çalık Holding – TIF 2025-iň Baş hemaýatkärligine çykar

Sentýabr 10, 2025 | 22:00 |10499
Sebitdäki öňdebaryjy türk konglomeratlarynyň biri bolan Çalık Holding, 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Türkmenbaşy şäherindäki Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» Sport toplumynyň Konferensiýa merkezinde geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF 2025) Baş hyzmatdaşlarynyň biri bolarSebitdäki öňdebaryjy türk konglomeratlarynyň biri bolan Çalık Holding, 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Türkmenbaşy şäherindäki Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» Sport toplumynyň Konferensiýa merkezinde geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF 2025) Baş hyzmatdaşlarynyň biri bolar
Çeşme: tif-turkmenistan.com

Sebitdäki öňdebaryjy türk konglomeratlarynyň biri bolan Çalık Holding, 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Türkmenbaşy şäherindäki Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» Sport toplumynyň Konferensiýa merkezinde geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF 2025) Baş hyzmatdaşlarynyň biri bolar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan guralýan bu möhüm çäre işewürlik, döwlet we maýa goýum jemgyýetiniň öňdebaryjy wekillerini birleşdirip, ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga we ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmäge gönükdirilendir.

1981-nji ýylda Ahmet Çalyk tarapyndan esaslandyrylan Çalık Holding häzirki wagtda energiýa, gurluşyk, magdan, dokma we maliýe ýaly pudaklarda güýçli ornuny saklap, 30-dan gowrak ýurtda iş alyp barýar. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň, konsern ýurduň gurluşyk, infrastruktura, energiýa we dokma pudaklarynda möhüm taslamalara gatnaşyp gelýär. Bu ugurda onuň esasy kompaniýalary: Gap İnşaat, Çalık Enerji we GAP CLK Worldwide.

• Gap İnşaat: 1996-njy ýylda döredilen Gap İnşaat, Türkmenistanda iň öňdebaryjy halkara gurluşyk подрядçylarynyň biridir. Kompaniýa saglygy goraýyş, infrastruktura, senagat we iri desgalar boýunça ýöriteleşýär. Ol häzirki zaman tehnologiýalary giňden ulanmak we tebigata dostlukly çözgütleri ornaşdyrmak bilen tanalýar. Kompaniýanyň soňky üstünlikleriniň arasynda «Garabogazkarbamid» zawodynyň (Mitsubishi Corp. bilen bilelikde) hem-de Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bar. Häzirki wagtda Gap İnşaat birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýär: onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, pediatriýa merkezleri, stomatologiýa merkezi hem-de Aşgabatdaky Ahalteke atçylyk toplumynyň täzelenmegi.

• Çalık Enerji: 1998-nji ýyldan bäri Çalık Enerji, Türkmenistanda, Türkiýede, Ýakyn Gündogarda, Orta Aziýada we Afrikada durnukly EPC şertnamalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa goýumlary, paýlaýyş we bölek satuw pudaklarynda öňdebaryjy EPC подрядçysy bolup durýar. Türkmenistandaky taslamalarynda innowasiýa we sanlylaşdyrma ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Häzirki taslamalaryň arasynda: Türkmenbaşydaky kuwwaty 1574 MW bolan Kiyanly bug-gaz elektrik stansiýasy, Mary welaýatyndaky «Şatlyk-1» gaz kompressor stansiýasynyň gurluşygy, Türkmenistan–Owganystan–Päkistan (TAP) elektrik geçiriji ulgamy we Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde gurlup başlan 10 MW kuwwatly Gün-Ýel hibrid elektrik stansiýasy bar.

• GAP CLK Worldwide: Çalık Holding-iň düzümindäki GAP CLK Worldwide kompaniýasy logistika, dokma, söwda we satyn alyş ugurlary boýunça ýöriteleşýär. Kompaniýa «Rowaçlygyň Ýoly» diýlip hem atlandyrylýan Gadymy Ýüpek ýoluny täze ykdysady mümkinçilikler bilen baýlaşdyryp, onuň merkezinde Türkmenistanyň orun almagyna goşant goşýar.

TIF 2025-de Çalık Holding öz üstünliklerini, dowam edýän taslamalaryny we geljekki maýa goýum tekliplerini tanyşdyrar, Türkmen bazarynda ornuny berkider we täze hyzmatdaşlyklary gözlär. Çalık Holding, Türkmenistanyň Hökümetine we forumyň guramaçylaryna döwlet hem-de hususy pudaklaryň wekilleri bilen gatnaşyklara giň mümkinçilik döredendikleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026