HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenistan-BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär

Sentýabr 10, 2025 | 21:00 |7360
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň agentlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyTürkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň agentlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň agentlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

10-njy sentýabrda DIM-de geçirilen duşuşykda düýn Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessisasynyň başlandygy we ählumumy gün tertibindäki häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm halkara meýdançasyna öwrülendigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda “Türkmenistan-BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň taýýarlygyna aýratyn üns berildi.

BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk baýaramyna taýýarlyk işleriniň çäginde ministr ýurtda degişli çäreleri geçirmäge ýardam etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Raşid Meredow şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşyk geçirdi.

Şöhbetdeşligiň temasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlary boldy. Olaryň köpüsiniň Merkeziň mandaty bilen özara arabaglanyşyklydy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy olary durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 07, 2026
Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

20:00 Oktýabr 07, 2026
Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

18:00 Oktýabr 07, 2026