HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Germaniýanyň Reýnland-Pfalz sebiti işewür dialogy işjeňleşdirýär

Sentýabr 10, 2025 | 05:15 |9131
Türkmenistan we Germaniýanyň Reýnland-Pfalz federal ýeri söwda-ykdysady we medeni ugurdaky özara hyzmatdaşlygyň geljegine seredýärTürkmenistan we Germaniýanyň Reýnland-Pfalz federal ýeri söwda-ykdysady we medeni ugurdaky özara hyzmatdaşlygyň geljegine seredýär
Çeşme: Türkmenistanyň GFR-daky konsullygyny tarapyndan üpjün edildi

Türkmenistan we Germaniýanyň Reýnland-Pfalz federal ýeri söwda-ykdysady we medeni ugurdaky özara hyzmatdaşlygyň geljegine seredýär. Bu sebiniň paýtagty Maýnz şäherne amala aşyran iş sapary wagtynda Türkmenistanyň GFR-daky konsuly Myrat Özbekbaýew sebitiň esasy wekilleri şol sanda Ykdysadyýet, ulag, oba hojalygy we üzümçilik ministrliginiň Döwlet sekretary Petra Dik-Walter we Reýn-Gessen Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygy bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

turkmenistan-germany-reynland-pfalts (4).jpg

Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitleýin söwda-senagat edralary we işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, biotehnologiýa, şeýle hem maşyn gurluşygy we ýokary tehnologiýa ýaly geljegi uly ugurlara aýratyn üns berildi.

Türkmenistan bilen Reýnland-Pfalzyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriň bardygy bellendi. German tarapyna Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumatlar berildi. Ikitaraplaýyn saparlary we ýakyn wagtda bilelikdäki işewürlik çärelerini guramakda özara gyzyklanma beýan edildi. Hususan-da, takmynan 42,000 agza-kärhanany birleşdirýän Reýn-Gessen Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň işewür toparlary bilen iş gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

turkmenistan-germany-reynland-pfalts (2).jpg

Sebit barada: möhüm ykdysady we innowasion merkezi

Reýnland-Pfalz ýurduň günbatarynda ýerleşýän Germaniýanyň esasy federal ýerlerini biridir. 4,2 milliondan gowrak ilaty bolan bu sebit ösen senagaty, himiýa pudagy we derman senagaty bilen tanalýar. “BASF SE” himiýa konserni we “Boehringer Ingelheim GmbH” derman kärhanasy, şeýle hem “BioNTech” innowasion kompaniýasy ýaly dünýä derejesindäki ägirtleriň ştab-kwartirasy şu ýerde ýerleşýär. Fransiýa, Lýuksemburga we Belgiýa ýakynlygy ony Ýewropanyň möhüm ulag we logistika merkezine öwürýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026
Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

17:00 Oktýabr 16, 2026
ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

15:00 Oktýabr 16, 2026