HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TIF 2025-e üçin hasaba alynmaga howlugyň | Gatnaşyjylar üçin goşundydan peýdalanyň

Sentýabr 10, 2025 | 00:07 |10090
10-njy sentýabr – işewürlik we maýa goýum dünýäsinde ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri üçin hasaba alynmagyň iň soňky güni10-njy sentýabr – işewürlik we maýa goýum dünýäsinde ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri üçin hasaba alynmagyň iň soňky güni
Çeşme: tif-turkmenistan.com

10-njy sentýabr – işewürlik we maýa goýum dünýäsinde ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri üçin hasaba alynmagyň iň soňky güni. 18-19-njy sentýabrda Awazada geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2025 (TIF 2025) işewür toparlarynyň wekillerini bu uly çärä gatnaşmaga çagyrýar.

Forum Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler we 45 ýurtdan 500-den gowrak wekiliýeti bir ýere jemlär. Gatnaşyjylara 100-den gowrak halkara derejeli bilermenler tarapyndan çykyşlar bilen iki günlük baý maksatnama garaşýar. Onuň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň esasy ugurlary we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşylar.

Gatnaşyjylara amatly bolmagy üçin TIF 2025 Attendee Hub atly ýörite mobil goşundy döredildi. Bu siziň şahsy gollanmaňyza öwrüler. Onuň kömegi bilen siz şulary başararsyňyz:

✓ Gyzgyny bilen ähli habarlary we täzelenmeleri almak.

✓ Maksatnama bilen tanyşmak we öz tertibiňi düzmek.

✓ Howpsuz sanly giňişlikde wekilýetler, maýadarlar we hünärmenler bilen aragatnaşygy ýola goýmak.

20-den gowrak resmi hemaýatkärler we hyzmatdaşlar tarapyndan goldanylýan bu forum, işewür gatnaşyklary ýola goýmak we özara peýdaly ylalaşyklary baglaşmak üçin täsirli meýdança boljakdygyny wada berýär. Guramaçylyk komiteti bu çäräniň guralyşyna goşant goşan her bir adama çuňňur minnetdarlyk bildirýär.

Eger siz entek hasaba alynmadyk bolsaňyz, onda şu gün ,10-njy sentýabrda günüň ahyryna çenli ýetişiň.

Guramaçylyk komitetiniň belgileri:

Hasaba durmak üçin: medina.atdayeva@turkmencongress.com

Tehniki soraglar üçin: azat.malikgulyyev@turkmencongress.com

Logistika üçin: mashat.hajyyev@turkmencongress.com

Tranferser üçin: transfer@turkmencongress.com

Myhmanhanalar üçin: hotel@turkmencongress.com

Bron etmek we syýahat üçin: travel@turkmencongress.com

TIF 2025-de size graşýarys!

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026