HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Çägeden çüýşä çenli: Türkmenistanda eksporta taýyn täze zawod işe girizildi

Sentýabr 09, 2025 | 00:02 |58618
Türkmenistanda täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasy açyldy, bu bolsa ýurduň senagat pudagynyň ösüşinde möhüm ädim boldyTürkmenistanda täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasy açyldy, bu bolsa ýurduň senagat pudagynyň ösüşinde möhüm ädim boldy
Çeşme: telecom.tm/onlinetv

Türkmenistanda täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhanasy açyldy, bu bolsa ýurduň senagat pudagynyň ösüşinde möhüm ädim boldy. 8-nji sentýabrda Aşgabadyň demirgazynda geçirilen açylyş dabarsyna Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy, munuň özi bu taslamanyň strategiki ähmiýetini nygtaýar.

Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanylyp gurlan täze zawod, bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Onuň esasy aýratynlygy önümçiliginde diňe ýerli çig mallarynyň – kwars çägesiniň, dolomidiň, hek daşynyň we natriý sulfatyň ulanylmagydry. Bu diňe bir önümiň bahanyny peseltmek bilen çäklenmän, eýsem importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam berip, önümçilik işleriniň dowamlylygyny şertlendirýär.

turkmenistan-novyj-zavod-steklo-3.jpg

Tehnologiýa we hil: içinden garaýyş

Açylyş dabarasynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow doly awtomatlaşdyrylan tehnologiki önümçilik prosesi bilen tanyşdy. Ol öz içine aşadaklary alýar:

1500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda çig malyň eremegi.

Ýörite enjamlarda önümleriň emele gelmegi.

Peçlerde gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowatmak, içerki dartgynly aýyrýar we önüme berklik berýär.

Ýokary takyklyk gurallaryň we kameralaryň kömegi bilen awtomatiki hil gözegçiligi.

4.jpg

Zawodda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary oturdyldy. Germaniýanyň “Horn Glass Industries” we Italiýanyň “Vetromeccanica Srl” we “Bottero” ýaly kompaniýalarynyň wekilleri zawodyň ýolbaşçylaryna önümçiligiň halkara hil we ekologik taýdan howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdylar.

Ykdysady we durmuş taýdan täsiri

Täze kärhana içerki bazaryň talabyny şol sanda azyk we derman senagaty üçin ýokary hilli çüýşe gaplara bolan islegini doly kanagatlandyrar. Mundan başga-da onuň önümleriniň eksport edilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga oňyn şertleri döreder.

Şeýle-de täze kärhananyň döredilmeginiň möhüm durmuş ähmiýeti bar. Zawod ýokary hünär derejeli inženerleri, tehnologlardyr işgärleri ýüzlerçe iş orny bilen üpjün eder. Bu olara bilimlerini we başarnyklaryny häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçilikde ulanmaga mümkinçilik berer.

5.jpg

Senagatlaşdyrmagyň ýolundaky uly üstünlikler

Çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylmagy – bu diňe bir ýurduň senagat taýdan mümkinçiligini ösdürmekde möhüm ädim bolman, eýsem häzirki zaman önümçilik desgalaryny döretmäge we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa etmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň bir bölegidir.

Döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyzlyk baýaramynyň öňisyrasynda birnäçe möhüm taslamalaryň açylyş dabarasynyň boljakdygyny aýtdy. Bular Ahal welaýatyndaky täze obalar, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky döwrebap awtomobil köprüsi şeýle-de paýtagtdaky döwrebaplaşdyrylan täze seýilgäh. Mundan başga-da, ýurduň dürli künjeklerinde durmuş maksatly desgalar ulanmaga berler. Bularyň ählisi ýurduň ösüşine we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga toplumlaýyn çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026