HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sanly.tm ygtybarly elektron poçtasy türkmenistanly ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanýar

Sentýabr 09, 2025 | 15:00 |8242
Sanly.tm elektron poçtasy ygtybarly goragy we amatly interfeýsi bilen Türkmenistanda ulanyjylaryň arasynda köpden bäri meşhurlyk gazandySanly.tm elektron poçtasy ygtybarly goragy we amatly interfeýsi bilen Türkmenistanda ulanyjylaryň arasynda köpden bäri meşhurlyk gazandy
Çeşme: orient.tm

Sanly.tm elektron poçtasy ygtybarly goragy we amatly interfeýsi bilen Türkmenistanda ulanyjylaryň arasynda köpden bäri meşhurlyk gazandy. Bu hyzmat sanly.tm milli portalynyň üsti bilen üstünlikli işleýär we hususy şahslar hem-de korporatiw müşderiler üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.

Sanly.tm milli portaly milli stilde ýerine ýetirilen hem-de türkmen we rus dillerinde elýeterlidir. Ol gündelik iş proseslerini awtomatlaşdyrýar we maglumat alyş-çalyşygy arkaly wagty tygşytlaýar. Portal poçta, senenama, gözleg ulgamy, täzelikler, howa maglumaty we çat ýaly modullary birleşdirýär. Şeýle hem, bu ýerde e.gov.tm döwlet hyzmatlary portalyna salgylanmalar ýerleşdirilendir.

Korporatiw ulanyjylara aýratyn üns berilýär. Sanly.tm korporatiw poçta hyzmaty hukuk şahslary üçin döredilip, iş proseslerini optimizirlemäge mümkinçilik berýär. Hasaba alynandan soň her bir işgär 2 GB möçberli şahsy elektron poçta salgysyna we çäklendirilmedik papkalar döretmek mümkinçiligine eýe bolýar. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, olaryň möçberi artdyrylyp bilner.

Korporatiw poçta hyzmatyny birikdirmek üçin diňe sanly.tm portalynyň üsti bilen arzany ibermek ýeterlikdir. Bu çözgüt kompaniýalaryň bökdençsiz işlemegini we iş toparynyň içinde netijeli hyzmatdaşlyk etmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda Sanly.tm gündelik işde we aragatnaşykda giňden ulanylýan serişdeleriň biri bolup durýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026