HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet sirki «Görogly» şadessanynyň esasynda görkeziljek täze tomaşa çagyrýar

Sentýabr 09, 2025 | 15:30 |10968
Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümini «Görogly» atly şowhunly tomaşa bilen açýar. Bu tomaşa «Görogly» milli şadessanynyň esasynda taýýarlanyldyTürkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümini «Görogly» atly şowhunly tomaşa bilen açýar. Bu tomaşa «Görogly» milli şadessanynyň esasynda taýýarlanyldy
Çeşme: sirk.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümini «Görogly» atly şowhunly tomaşa bilen açýar. Bu tomaşa «Görogly» milli şadessanynyň esasynda taýýarlanyldy. Sazlaşykly döredilen bu sahna işi Türkmenistanyň Döwlet sirki we Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

Maksatnamanyň dowamynda halkara sirk festiwallarynyň alty gezek Baş baýragyny gazanan, dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çykyş eder.

Şeýle hem Döwlet sirkiniň beýleki artistleriniň täsin çykyşlary tomaşaçylara hödürlener. Tomaşalar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da geçirilýär.

Biletleri online görnüşde sirk.gov.tm saýtyndan, şeýle hem sirkiň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz.

Aragatnaşyk telefonlary: 39-80-44, 39-80-45, 36-10-95.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026