HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Täjigistan bilen hyzmatdaşlygyň täze derejesine taýýardygyny tassyklady

Sentýabr 09, 2025 | 03:18 |8214
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Lideri Emomali Rahmony ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gutladyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Lideri Emomali Rahmony ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gutlady
Çeşme: tj.sputniknews

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Lideri Emomali Rahmony ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gutlady.

“Soňky ýyllarda Täjigistanyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň yzygiderli ösdürilýändigini we onuň halkara gün tertibindäki möhüm meseleleri çözmekde tutýan ornunyň işjeň ýokarlanýandygyny bellemek buýsançly” – diýip gutlag hatynda bellenilýär.

“Türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygymyzy tassyklaýaryn” – diýip, Täjigistanyň Lideriniň web sahypasynda ýerleşdirilen gutlagda bellenilýär.

Täjigistanda Garaşsyzlyk güni 9-njy sentýabrda bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Baştutany bilen birlikde Emomali Rahmona Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň Liderleri, Eýranyň, BAE-niň Awstriýanyň Prezidentleri, Beýik Britaniýanyň we Saud Arabystanynyň Patyşalary, Ýaponiýanyň Imperatory, Rim Papasy wen beýlekiler gutlag hatlaryny ýolladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026