HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen talyplary Günorta Koreýa hünär tejribeligine ugradylar

Sentýabr 08, 2025 | 16:00 |7098
Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridirTürkmenistan bilen Günorta Koreýanyň dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Iki döwlet diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem BMG-niň hem-de sebit derejesindäki "Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy" görnüşindäki formatynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Bu hyzmatdaşlyk ylmy, bilimi, energetikany, ulag pudagyny, ekologiýany, saglygy goraýşy we medeniýeti öz içine alýan giň ugurlary gurşap alýar.

Bilim ulgamyndaky gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, Türkmenistan yzygiderli talyplary daşary ýurtlara okamaga we tejribe geçmäge ugradýar. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplar topary Günorta Koreýa ugrady. Olar 2025-nji ýylyň 25-nji awgustyndan 2026-njy ýylyň 25-nji iýulyna çenli Koreýanyň Kangwon Milli uniwersitetinde koreý we iňlis dillerini öwrenerler. Bu bolsa iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda amala aşyrylýar.

Bu maksatnama talyplaryň dil bilimlerini çuňlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň toplanylan tejribelerini peýdalanyp, Türkmenistanda bilim ulgamynda geljekki işlerine taýýarlyk görmegine mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026