HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TOPH we TOP taslamasy Türkmenistanyň we Owganystanyň energetika ministrleriniň duşuşygyň üns merkezinde

Sentýabr 07, 2025 | 21:45 |9081
Kabulda Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow, Türkmenistanyň halkara energetika taslamalarynyň ýolbaşçysy Myrat Artykow bilen Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministri Abdul Latif Mansuryň arasynda duşuşyk geçirildiKabulda Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow, Türkmenistanyň halkara energetika taslamalarynyň ýolbaşçysy Myrat Artykow bilen Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministri Abdul Latif Mansuryň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: avpress.com

Kabulda Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow, Türkmenistanyň halkara energetika taslamalarynyň ýolbaşçysy Myrat Artykow bilen Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministri Abdul Latif Mansuryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň ilçisi Hoja Öwezow hem gatnaşdy.

Duşuşykda şu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berildi – Türkmenistandan Kabula 1000 MWt elektrik energiýasy ibermek, Päkistany we Owganystany türkmen elektrik energiýasyny bilen üpjün etjek TOP-500 energiýa köprüsiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak we TOPH (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) taslamasyny durmuşa geçirmek üçin özara hyzmatdaşlyk.

Duşuşykda Türkmenistanyň energetika ministri Owganystanyň gündogar welaýatlarynda bolup geçen ýer titremesi zerarly duýgudaşlyk bildirdi we ylalaşylan taslamalary durmuşa geçirmäge öz ýurdunyň doly taýýardygyny mälim etdi. Ol TOP halkara elektrik geçirijiniň taslamasyna taýýarlyk işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýtdy.

Owgan ministri hem öz gezeginde ýurdunyň bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny we hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy diýip, AVA agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026