HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Paýtagtymyzda «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Sentýabr 07, 2025 | 23:20 |7583
7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Çeşme: orient.tm

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, hem-de Aşgabat şäher häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden ýeňiji bolmaga iň mynasyp iki aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Çykyş edenler nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlary ýerine ýetirdiler.

2

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly we sazsyz görnüşde ýaňlandy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň konsertine geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Bu gezekki bäsleşige gatnaşýanlaryň içinde köpsanly belli aýdymçylar hem bar.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Alkyşnama” atly aýdym joşgunly ýaňlandy.

07092025-yanlan-diyarym-konkurs-pobediteli (1).jpg

Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soň bäsleşigiň jeminiň jemlenilmegi, ýeňijileriň yglan edilmegi döredijilik bäsleşiginiň iň bir tolgundyryjy pursady boldy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Olara ýörite diplomlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Şeýle hem jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026