HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistan BMG-niň ýanynda Türkmenistan tarapyndan döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Sentýabr 07, 2025 | 21:05 |7207
Täjigistan resmi taýdan Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzasy boldyTäjigistan resmi taýdan Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzasy boldy
Çeşme: orient.tm

Täjigistan resmi taýdan Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzasy boldy. Bu waka bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanýan sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Bitaraplygyň dostlary topary – bu Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen resmi däl halkara meýdançasydyr. Onuň esasy maksady –halklaryň arasynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we özara düşünişmegi gazanmak üçin täsirli gural hökmünde bitaraplyk ýörelgelerini wagyz etmekden ybaratdyr.

Täjigistanyň bu meýdança goşulmagy, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatyň barha artýan ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. Täze agza Toparyň işine gymmatly tejribe getirer hem-de hemmeler üçin howpsuz we durnukly geljegi gurmak üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanylmagyna goşant goşar diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň habarynda aýdylýar.

Bitaraplygyň dostlary topary barada maglumatlar şu ýerde

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026