HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazarüsti geçelgesi bäş ýylda ýük daşamalaryny alty esse artdyrdy

Sentýabr 06, 2025 | 09:10 |7116
Hazarüsti halkara ulag ugrunyň üsti bilen ýük daşamalarynyň möçberi soňky bäş ýylda alty esse artdy.Hazarüsti halkara ulag ugrunyň üsti bilen ýük daşamalarynyň möçberi soňky bäş ýylda alty esse artdy.
Çeşme: rail-news.kz

Hazarüsti halkara ulag ugrunyň üsti bilen ýük daşamalarynyň möçberi soňky bäş ýylda alty esse artdy — 2020-nji ýylda 800 müň tonnadan 2024-nji ýylda 4,5 mln tonna çenli. Bu barada Astana Finance Day – 2025 halkara forumynda wise-premýer Kanat Bozumbaýew habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bu ýol hem Gazagystan, hem-de tutuş sebit üçin strategiki ähmiýete eýedir. Geljekde ýyllyk ýük daşamalaryny 10 mln tonna ýetirmek meýilleşdirilýär. «Bu netije bäsdeşlige ukyplydygyny aýdyň görkezýär» - diýip, wise-premýer belledi.

Bozumbaýewiň bellemegine görä, geçen ýylyň iýul aýynda 2029-njy ýyla çenli milli infrastruktura meýilnamasy tassyklandy. Ol ýaşaýyş üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge, ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda «Energetika we jemagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň» milli maksatnamasy kabul edildi. Ol 86 müň km inženerçilik ulgamlaryny täzeden gurmak üçin takmynan 6,8 trln tenge çekmegi hem-de 2035-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän çeşmeler, gaz generasiýasy, gidro serişdeler we uglerod kuwwatlary esasynda azyndan 26 GWt täze kuwwatlyklary ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026