HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Sentýabr 06, 2025 | 03:05 |8410
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawa bilen duşuşyk geçirdi kabul etdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawa bilen duşuşyk geçirdi kabul etdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawa bilen duşuşyk geçirdi kabul etdi. Gepleşikler Ýaponiýanyň Türkmenistana energetika maýa goýumlary babatynda geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny görkezdi.

Ýapon bankynyň wekili Türkmenistanyň açyk maýa goýum syýasatyna ýokary baha berip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, yzygiderli ýokary derejeli duşuşyklar şol sanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran resmi saparyny üstünlikli dialogyň esasy boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan öz ykdysady mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýär. Döwlet Baştutany ýurduň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny, şu nukdaýnazardan, JBIC bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi

Taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň bankynyň indi köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny we birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýol açan netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň täze ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin Ýaponiýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklandy.

Şu sapar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň iri göwrümli milli taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen strategiki hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigini ýene bir gezek tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026