HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Weterinariýa barlaghana hünärmenleri bilen BMG-niň ÝYK-nyň halkara bilermeni bilen duşuşyk geçirildi

Sentýabr 05, 2025 | 15:15 |5837
2-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi weterinariýa laboratoriýasynyň hünärmenleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK BMG) halkara bilermeni Wiktoras Zabolotnos bilen duşuşyk geçirildi2-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi weterinariýa laboratoriýasynyň hünärmenleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK BMG) halkara bilermeni Wiktoras Zabolotnos bilen duşuşyk geçirildi
Çeşme: Döwlet weterinariýa gullugynyň tarapyndan berlen

2-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi weterinariýa laboratoriýasynyň hünärmenleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK BMG) halkara bilermeni Wiktoras Zabolotnos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda söwdadaky kadalaşdyryjy we düzgünleşdiriji päsgelçilikleriň milli derejesinde seljerilmeginiň alnyp barylmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu iş Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi haýyşy esasynda ÝYK BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Bellenilişi ýaly, bu seljerme ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşi durnukly depginlerde üpjün etmäge, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, ekologiýa howpsuzlygyny berkidmäge, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we Türkmenistanyň halkara söwda ulgamyna has giňden goşulyşmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny we konsepsiýalaryny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Ýokary ähmiýetli ugurlaryň hatarynda söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi, milli hil infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi, şol sanda standartlaşdyrma, tehniki kadalaşdyrma, metrologiýa we akkreditasiýa ulgamynyň ösdürilmegi, şeýle hem ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegi aýratyn bellenilýär.

Geçirilýän işleriň netijeleri we degişli teklipler 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde degişli taraplaryň gatnaşmagynda hödürlener. Garaşylýşy ýaly, bu seljermegiň netijeleri işewürlik gurşawyny kämilleşdirmäge, daşary ykdysady işjeňligi ösdürmäge, maýa goýumlary çekmäge we Türkmenistany durnukly ösüş hem-de köpugurly ykdysadyýet ugrunda öňe ilerletmäge hyzmat eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026