HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy

Sentýabr 05, 2025 | 14:42 |5978
Wena şäherinde Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçisi H. Amannazarow Awstriýanyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministri hanym Beate Meinl-Reisinger bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdyWena şäherinde Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçisi H. Amannazarow Awstriýanyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministri hanym Beate Meinl-Reisinger bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Wena şäherinde Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçisi H. Amannazarow Awstriýanyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministri hanym Beate Meinl-Reisinger bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy Awstriýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda açyk we konstruktiv dialog üçin gymmatly meýdança öwrüldi. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleler sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge hem-de energetika, ekologiýa durnuklylygy we ykdysady ösüş ugurlarynda umumy meseleleri çözmäge gönükdirildi.

Ilçi H.Amanazarow Türkmenistanyň, oňyn bitaraplyk syýasatyna we halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, Awstriýa we tutuş Ýewropa jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ygrarlydygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda durnuklylygy, durnukly ösüşi we integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagyny ilerletmek ugrunda umumy gyzyklanmalaryň bardygy tassyklanyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026