HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran Türkmenistan bilen üstaşyr geçirmeler we ýük daşamalar babatda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Sentýabr 04, 2025 | 14:43 |7533
Eýran üstaşyr geçirmeler we ýük daşamalar boýunça goňşy döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, şolaryň arasynda Türkmenistan aýratyn orny eýeleýärEýran üstaşyr geçirmeler we ýük daşamalar boýunça goňşy döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, şolaryň arasynda Türkmenistan aýratyn orny eýeleýär
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Eýran üstaşyr geçirmeler we ýük daşamalar boýunça goňşy döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, şolaryň arasynda Türkmenistan aýratyn orny eýeleýär. Bu barada Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri Farzana Sadig şäher ösüşi boýunça parlament komitetiniň agzalary bilen duşuşygynda aýtdy diýip, Trend habar berýär.

Onuň sözlerine görä, ulag taslamalary Eýranyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Demirgazyk–Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çäginde Reşt–Astara demir ýolunyň gurluşygy dowam edýär, onuň ugrunda ýer bölekleriniň satyn alynmagy eýýäm tamamlandy. Şeýle hem Çabahar–Zahedan demir ýolunyň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Bu ýol Eýranyň portuny içki sebitler bilen baglanyşdyrmaga we Türkmenistany hem içine alýan Merkezi Aziýa döwletlerine üstaşyr geçirmeler üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Üstaşyr geçirmeler babatda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösmeginde «Demirgazyk–Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar ugry aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugruň üsti bilen Eýran Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen baglanyşýar. Netijede, Russiýa, Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýükleriň eltilmegi iki esse çaltlaşar.

Farzana Sadig şeýle hem, Eýran bilen Yragyň arasynda Şalamça–Basra demir ýolunyň gurluşygynyň geljekki ýyllarda tamamlanmagyna garaşylýandygyny, munuň hem ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeldýändigini belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026