HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň maýadarlary Türkmenistanyň ykdysadyýetine 16 million dollar maýa goýdylar

Sentýabr 04, 2025 | 15:28 |3809
Gazagystan Senatynyň deputatlary «Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak barada» Gazagystan Respublikasynyň Kanunyny makullady.Gazagystan Senatynyň deputatlary «Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak barada» Gazagystan Respublikasynyň Kanunyny makullady.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Gazagystan Senatynyň deputatlary «Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak barada» Gazagystan Respublikasynyň Kanunyny makullady diýip, Kazinform agentligi habar berýär.

Senator Amangeldi Nugmanowyň bellemegine görä, bu Kanunyň kabul edilmegi maýadarlar üçin açyk, durnukly we öňünden çaklanyp bilinýän şertleri döretmäge, uzakmöhletleýin ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

— Bu Kanun ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda — döwletden hususy maýadarlara çenli ähli maýa goýum proseslerine giň goldaw we gorag berýän esasy hukuk namasydyr, şeýle hem iki ýurduň arasynda telekeçilik we işewürlik işjeňliginiň giň görnüşlerini öz içine alýar. Hut şunda-da bu resminamanyň aýratynlygy we ähmiýeti jemlenýär: ilkinji gezek döwletara derejede iki ýurduň ähli maýa goýujy jemgyýetiniň bähbitlerini goramak boýunça anyk kepillikler we borçnamalar berkidilýär — diýip, deputat belledi.

Şeýle hem Ylalaşyk maýa goýum dawalarynyň çözgüdi üçin gurallary döretmekde möhüm ähmiýete eýedir, halkara arbitražyna çykmaga mümkinçilik berýär, daşary ýurt maýa goýumlaryna adalatly we deňhukukly gatnaşygy üpjün edýär.

Ylalaşykda bellenilişi ýaly, ileri tutulýan ugurlaryň biri energetika pudagyndaky hyzmatdaşlykdyr. Gazagystan tarapy Türkmenistanyň gaz-kondensat ýataklaryny özleşdirmekde we turbageçiriji infrastrukturany giňeltmekde işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

— Aýratyn ähmiýete eýe bolan zat bolsa, «QazaqGaz» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk barada aýratyn Ylalaşygyň gol çekilmegidir. Bu, biziň ýurtlarymyzyň arasynda «altyn köpri» gurmagyň başlangyjydyr we täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem sebitleýin energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär — diýip, Amangeldi Nugmanow nygtady.

Senator Sergeý Ýerşow 2024-nji ýylda ýurtlaryň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 555,7 mln. dollar bolandygyny belläp geçdi. Gazagystanyň maýadarlary Türkmenistanyň ykdysadyýetine 16,1 mln. dollar maýa goýdular. Demirýol, awtomobil we suw ulaglary boýunça özara bähbitli taslamalar bar. Mundan başga-da, türkmen tarapy bronetank ulag tehnikasynyň abatlaýyş hem-de döwrebaplaşdyryş işlerinde, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlarynyň we enjam-toplumlaryň üpjünçiliginde gyzyklanma bildirendigini tassyk etdi diýip, çeşme habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026