HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Awgust 05, 2026 | 22:22 |3628
Türkmenistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Taňryguly Atahalliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Ahal-Teke dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek maksady bilen Niderlandlaryň Peelbergen merkezini barladyTürkmenistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Taňryguly Atahalliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Ahal-Teke dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek maksady bilen Niderlandlaryň Peelbergen merkezini barlady
Çeşme: belgium.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň wekiliýeti Niderlandlarda geçiriljek ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna we ugurdaş halkara çärelerine taýarlyk boýunça gepleşikleriň dowamynda, Kronenbergedäki “Peelbergen” atçylyk sport merkezini jikme-jik gözden geçirdi.

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň merkeziň ýolbaşçylary we bu ugurdaky hünärmenler bilen geçiren duşuşygynda tehniki, protokol we logistika ugurlary ylalaşyldy. Wekiliýet sport, medeni we sergi maksatnamalarynyň guraljak ýerleri bolan ýapyk hem-de açyk meýdançalary, türgenleşik meýdanlaryny, tomaşaçylar üçin münberleri we infrastrukturany synlady.

turkmen-delegation-inspects-peelbergen-netherlands-akhal-teke-championship (1).jpg

Gözden geçirişiň dowamynda türkmen çapyksuwarlarynyň taýýarlygyna aýratyn üns berildi. Wekiliýetiň agzalary häzirki wagtda Peelbergen atçylyk toplumynda päsgelçiliklerden böküp geçmek (konkur) sporty boýunça tejribelik geçýän türkmen hünärmenleriniň okuwynyň barşy bilen tanyşdylar.

Şol bir wagtyň özünde toplumyň çäginde giň gerimli sergini geçirmek üçin ýörite meýdançalar taýýarlanyldy. Onda türkmen önümleriniň we milli mirasyň sergisi, şeýle hem at esbaplary, atçylyk we ugurdaş tehnologiýalar boýunça ýöriteleşen dünýä belli brendleriň diwarlyklary görkeziler.

Öňde boljak forum Ahalteke bedewleriniň tohumyny dünýäde wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden daşarda ilkinji gezek geçirilýän şeýle giň gerimli çäre bolar.

turkmen-delegation-inspects-peelbergen-netherlands-akhal-teke-championship (4).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026