HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ŞHG sammitinde geljegiň tehnologiýalary: Hytaý Týanszin şäherinde robotlary görkezdi

Sentýabr 03, 2025 | 18:00 |7669
Hytaýyň Týanszin şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäklerinde gatnaşýanlara we žurnalistlere häzirki zaman robototehnikasynyň gazananlary görkezildiHytaýyň Týanszin şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäklerinde gatnaşýanlara we žurnalistlere häzirki zaman robototehnikasynyň gazananlary görkezildi
Çeşme: htnews.ru

Hytaýyň Týanszin şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäklerinde gatnaşýanlara we žurnalistlere häzirki zaman robototehnikasynyň gazananlary görkezildi. ŞHG-niň taryhynda iň iri çäre bolan bu sammite dünýäniň 20-den gowrak liderleri hem-de 3 müňden gowrak KHBS-niň wekilleri gatnaşdy. Robotlaryň ulanylmagy adam bilen maşyn enjamlarynyň aragatnaşygynyň netijeli we täsirli bolup biljekdigini görkezmäge mümkinçilik berdi.

2

Sammitiň metbugat merkezinde birnäçe robot işledi. Rus, hytaý we iňlis dillerinde gepläp bilýän gumanoid Sýaо He žurnalistlere maslahat berdi, tigirli robot Tora bolsa myhmanlara tanslaryny hödürledi. Yssy howada robot-doňdurmaçy Mr. Doue’r çalt hyzmat edip, sargytlary berdi, başarjaň eltip beriji-robot bolsa içilýän suwlary paýlady.

1

Hyzmat ugurly mümkinçiliklerden başga-da, has ýöriteleşdirilen tehnologiýalar hem görkezildi. Robot-manipulýator hatdatlyk sungatyny görkezdi, lotus şekilli kapsulada ýerleşdirilen dron bolsa awtomobil ýollaryna, elektrik ulgamlaryna gözegçilik etmegiň hem-de ýangyn ojaklaryny ýüze çykarmagyň mümkinçiligini görkezdi.

ŞHG sammitinde robotlaryň ulanylmagy, Hytaýyň dünýä jemgyýetçiligini tehnologiýa babatda täze innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen strategiýasynyň aýdyň beýany boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026