HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahanda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

Sentýabr 02, 2025 | 13:40 |6079
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli maslahat geçirildiTürkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli maslahat geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli maslahat geçirildi.

Bu masalahata Konsullygyň işgärleri, türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça Astrahanyň sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynda bilim alýan talyp ýaşlar, Astrahan oblastynyň Funtowо obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsuly G.Ilamanow ýaşlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen mähirli gutlap, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, 34 ýylyň içinde Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri hem-de geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada çykyş etdi.

конференция, посвящённая 30-летию постоянного нейтралитета Туркменистана.jpg

Maslahata mundan başga-da türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça Astrahanyň sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy F.Kadyrowa, Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň mugallymy R.Şajiýew, W.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby G.Nepesowa çykyş etdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň okuwçylary beýik şahyryň şygyrlaryny türkmen dilinde labyzly okadylar.

Maslahatyň çäklerinde Konsullygyň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýan talyplara, Astrahan oblastynyň Funtowо obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde bilim alýan okuwçylara we mugallymlara Konsullygyň adyndan Minnetdarlyk hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026