HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde türkmeniň haly sungaty we milli lybaslary tanyşdyryldy

Sentýabr 02, 2025 | 12:17 |6794
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň milli pawilýonynda dabaraly çäreler geçirildi.2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň milli pawilýonynda dabaraly çäreler geçirildi.
Çeşme: japan.tmembassy.gov.tm

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň milli pawilýonynda dabaraly çäreler geçirildi.

Dabara türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň – nepis haly sungatynyň we milli lybaslarynyň dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrylmagyna bagyşlandy hem-de onuň çäklerinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazananlaryna aýratyn orun berildi.

ЭКСПО-2025.jpg

Çäräniň dowamynda sergä gatnaşýan halkara jemgyýeti türkmen halylarynyň gözelligi, milli nagyşlarynyň mazmuny, şeýle hem dokma önümleriniň ösüş derejesi bilen tanyşdyryldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň dokma senagaty we haly önümçiligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri barada çykyşlar edildi.

ЭКСПО-2025.jpg

Dabaranyň aýratyn täsir galdyran pursatlarynyň biri türkmen milli lybaslarynyň görkeziliş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň taýýarlan häzirki zaman öwüşginli milli lybaslary tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem çäräniň çäklerinde türkmen haly sungaty boýunça ýörite master-klass görkezilişi geçirildi. Myhmanlar haly dokalyşynyň inçelikleri, nagyşlaryň manysy we halyçylyk däplerimiz bilen ýakyndan tanyşdylar.

ЭКСПО-2025.jpg

Geçirilen dabaraly çäreler halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we türkmen halkynyň baý ruhy-medeni mirasynyň dünýäde giňden şöhlelendirilmegine ähmiýetli goşant boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026