HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft Windows 11-e Android goşundylaryny gaýtadan getirýär

Awgust 31, 2025 | 15:15 |6489
Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň mart aýynda Windows Subsystem for Android (WSA) taslamasynyň ýapylmagyna garamazdan, Android goşundylaryny Windows 11 ulgamyna integrirlemek pikirinden el çekmediMicrosoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň mart aýynda Windows Subsystem for Android (WSA) taslamasynyň ýapylmagyna garamazdan, Android goşundylaryny Windows 11 ulgamyna integrirlemek pikirinden el çekmedi
Çeşme: Unsplash

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň mart aýynda Windows Subsystem for Android (WSA) taslamasynyň ýapylmagyna garamazdan, Android goşundylaryny Windows 11 ulgamyna integrirlemek pikirinden el çekmedi. The Verge-iň maglumatyna görä, Microsoft täze bir mümkinçiligi synagdan geçirýär. Bu aýratynlyk ulanyjylara smartfonlarynda başlanan Android goşundylary bilen işlerini kompýuterde dowam etdirmäge mümkinçilik berer.

Ol nähili işleýär?

Täze mümkinçilik Apple kompaniýasynyň Handoff tehnologiýasyny ýatladýar. Häzirki wagtda ol diňe Windows Insider maksatnamasyna gatnaşyjylara elýeterli we diňe Spotify goşundysyny goldaýar. Ony ulanmak üçin Android smartfonyňyzy kompýutere simsiz ulgam arkaly birikdirmeli. Telefonyňyzda aýdym-saz goýbereniňizde kompýuterde “Bu kompýuterde dowam et” diýen bildiriş peýda bolýar. Şol düwmäni basanyňyzdan soňra, Spotify awtomatiki ýagdaýda kompýuterde açylýar. Eger goşundy öňünden gurnalan bolmasa, ulgam ony ýüklemäge teklip eder.

Bu tehnologiýa ilkinji gezek Microsoft Build 2025 maslahatynda görkezildi. Häzirlikçe onuň ähli ulanyjylara haçan elýeterli boljakdygy belli däl.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026