HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda bugdaý ekişine 3-nji sentýabrda girişiler

Awgust 30, 2025 | 01:05 |6970
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdiMinistrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi
Çeşme: orient.tm

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň welaýatlarynda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi,

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gallaçy daýhanlarymyz üçin möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini, ekişi agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, öňden gelýän däp-dessurlara görä hormatly ýaşulular bugdaý ekişine “bismilla” bilen başlap bererler.

Sekiz aýyň jemleri

Oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,4%-e barabar boldy. Şeýle görkezijiler aşakdaky pudaklarda hasaba alyndy:

• Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti: +33,4%

• “Türkmenpagta” döwlet konserni: +19,5%

• Azyk senagaty döwlet birleşigi: +7,8%

• “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi: +3,8%

• “Türkmen atlary” döwlet birleşigi: +2,5%

• Oba hojalyk ministrligi: +2,4%

• “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi: +1,1%

• Daşky gurşawy goramak ministrligi: +0,9%

• Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi: +0,8%

Şeýle hem maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 245,3% ýerine ýetirilendigi habar berildi.

Wise-premýer pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, şol sanda pagta arassalaýjy kärhanalaryň, pagta kabul ediş harmanhanalaryň, pagta daşamakda ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Prezident hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026