HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugruny kesgitlediler

Awgust 29, 2025 | 23:15 |7955
29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Çeşme: korea.kr

29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu Li Çže Mýonyň şu ýylyň iýun aýynda wezipä girişeninden soň iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky ilkinji söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Li Çže Mýon iýun aýynda Türkmenistanyň üsti bilen 59 koreý raýatynyň Eýrandan howpsuz ewakuasiýa edilmegine beren ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bu hereket, hoşniýetliligiň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlylygyň beýany hökmünde kabul edildi.

Prezidentler hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. “Hyundai”, “Daewoo”, “LG” ýaly öňdebaryjy koreý kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda durmuşa geçirilen üstünlikli taslamalara aýratyn üns berildi. Taraplar energetika, maşyn gurluşygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin mümkinçilikleri bellediler. Prezident Li Çže Mýon koreý kompaniýalaryna türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirdi.

Prezidentler medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde koreý diliniň öwredilýär, yzygiderli Medeniýet günleriniň geçirilmegi bolsa halklaryň arasynda özara düşünişmegiň ösdürilmegine ýardam berýär.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebit derejesinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynda hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi bolsa energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Prezidentler geljek ýylda Seulda geçirmegi meýilleşdirýän Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow koreý kärdeşini 12-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.


Salgylanma: Bilelikdäki uly taslamalar

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy iri taslamalary bilelikde durmuşa geçirmekde baý tejribä eýe. Köp ýyllaryň dowamynda “Hyundai”, “Daewoo”, “LG” ýaly öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda aşakdaky başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirildi:

Balkan welaýatyndaky gazhimiýa toplumy: Taslamanyň bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan gowrak bolup, ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir.

“Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde harytlyk gazy kükürtden arassalaýan zawod: Taslamanyň bahasy 1 milliard 484 million amerikan dollaryndan gowrak bolup, ýylda 10 milliard kub metr gazy arassalamaga niýetlenendir.

Türkmenabatdaky himiýa zawody: Bahasy ABŞ-nyň 682 million dollaryna deň bolan başlangyç, ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň resmi habarlar gullugynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy

ORIENT

Tema boýunça

Günorta Koreýanyň Premýer-ministri Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdi

Geljek barada dialog: Bişkek Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň analitik merkezleriniň II forumyny kabul edýär

Aşgabat we Seul täze taslamalaryň we göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň üstünde işleýärler

Günorta Koreýa we Türkmenistan energetika we infrastruktura pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026