HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredow: Aşgabat we Moskwa bilelikde sebitleýin formatlaryny pugtalandyrmak üçin ähli tagallary edýärler

Awgust 28, 2025 | 17:45 |59160
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow metbugat maslahatynda özüniň rus kärdeşi Sergeý Lawrow sebitiň ýurtlarynyň arasynda has ýakyn wagtda çözüljek Hazar meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny mälim etdiTürkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow metbugat maslahatynda özüniň rus kärdeşi Sergeý Lawrow sebitiň ýurtlarynyň arasynda has ýakyn wagtda çözüljek Hazar meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny mälim etdi
Çeşme: mid.ru

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow metbugat maslahatynda özüniň rus kärdeşi Sergeý Lawrow sebitiň ýurtlarynyň arasynda has ýakyn wagtda çözüljek Hazar meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny mälim etdi diýip, TASS habar berýär.

Diplomatyň belleýşi ýaly, Aşgabat bilen Moskwanyň häzirki wagtda sebitleýin formatlaryny pugtalandyrmak üçin ähli tagallary edýär. “Merkezi Aziýa + Russiýa” – biz şu ýylyň oktýabr aýynda Täjigistanda geçiriljek döwlet ýolbaşçylarymyzyň nobatdaky, ikinji sammitine taýýarlyk görýäris. Biz Hazar meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk. Bu ýerde Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy we goňşulary ýakyn wagtda bilelikde çözjek meseleleri bar” – diýip, FR-iň DIM-niň ýolbaşçysy bilen geçirilen gepleşikleri jemleri boýunça R.Meredow mälim etdi.

Penşenbe güni R.Meredow Moskwada S.Lawrow bilen gepleşikleri geçirdi. Ministrler ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebitleýin meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026