HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa we Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Awgust 28, 2025 | 17:20 |10268
28-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gepleşikler geçirildi28-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gepleşikler geçirildi
Çeşme: mid.ru

28-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

RF-iň DIM-i duşuşykdaky Sergeý Lawronyň çykyşyny çap etdi. Hususan-da, Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy şeýle diýdi: “Biziň gatnaşyklarymyz ýokary depginde ösdürilýär. Syýasy dialog ýokary we iň ýokary derejede yzygiderli alnyp barylýar, bu bolsa bize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňňur strategiki hyzmatdaşlygymyzyň meseleleri boýunça ynanyşmak we aç-açan baha bermäge, halkara syýasaty, Merkezi Aziýa, goňşy sebitler, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň işi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär”.

Hökümetara toparynyň işi we Hökümet derejesinde saparlary alyşmak bellendi. Wise-premýer Nökerguly Atagulyýewiň 25-nji iýulda Altaýda geçirilen Halkara ekologiýa maslahatyna we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Awazada geçirlen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandyklary bellenildi.

“Aşgabatda siziň bilen geçiren gepleşiklerimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly itergi berdi. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna eýýäm durmuşa geçirilip başlandy. 20-nji awgustda şertnama-hukuk esaslaryny gözden geçirmek üçin duşuşyk geçirildi. Bu berk halkara hukuk binýady esasynda gatnaşyklarymyzy dogry gurmak üçin tehniki, ýöne möhüm işdir” – diýip, Sergeý Lawrow sözüniň üstüni ýetirdi.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem ünsden düşürilmedi. Ýakynda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly türkmen-rus konserti üstünlikli geçirildi.

Gepleşikleriň ahyrynda metbugat maslahaty geçirildi. “RIA Nowostiniň” habar bermegine görä, onuň dowamynda Russiýa bilen Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, infrastruktura we logistika, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek islegleri mälim edildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026