HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Pommo” ýyladyşhana toplumy işgärleriň kabul edilýändigi barada habar berdi

Awgust 28, 2025 | 16:02 |1313
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän “Pommo” ýyladyşhana toplumy täze işgärleri işe kabul edýändigini mälim etdiAhal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän “Pommo” ýyladyşhana toplumy täze işgärleri işe kabul edýändigini mälim etdi
Çeşme: orient.tm

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän “Pommo” ýyladyşhana toplumy täze işgärleri işe kabul edýändigini mälim etdi. Boş iş orunlar 18-den 45 ýaşa çenli zenanlar üçin açykdyr.

“Pommo”-da işgärleriň ýaşaýyş we iş şertleriniň amatly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Toplumyň çäginde häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär: ýagty otaglar, aşhanalar, hammamlar, kir ýuwulýan jaýlar we dynç alyş otaglary bar. Her otag arassa we tertipli saklanylýar. Mundan başga-da, işgärleriň ýeňillikleri üçin dükän we bankomat hyzmat edýär.

Işgärler doly üç mahal nahar bilen üpjün edilýär — ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary göni toplumyň çägindäki naharhanada berilýär. Bu bolsa işgärleriň gündelik meselelerden daşda bolup, doly işe üns bermegine mümkinçilik döredýär.

“Pommo”-da işe ýerleşmek resmi tertipde amala aşyrylýar. Zähmet haky her aýyň birinji güni hökmany we wagtynda berilýär. Mundan başga-da, goşmaça iş üçin pul sylaglary we goşmaça tölegler göz öňünde tutulýar. Täze işe girýän işgärlere ýörite iş egin-eşigi berilýär.

Toplumyň ýolbaşçylary iş şertleriniň zenanlaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutup döredilendigini nygtaýar. Şonuň üçin işgärleriň arasynda zenanlaryň kabul edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: (+99371) 69-67-29.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026