HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Ak Tam» HJ türkmen telekeçiligi üçin täze mümkinçilikleri açýar

Awgust 28, 2025 | 13:45 |5871
Türkmenistanda telekeçilik işjeň ösüş ýolundadyr: täze kompaniýalar döredilýär, eýýäm özüni subut edenler bolsa giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik alýarlarTürkmenistanda telekeçilik işjeň ösüş ýolundadyr: täze kompaniýalar döredilýär, eýýäm özüni subut edenler bolsa giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik alýarlar
Çeşme: «Ak Tam» HJ

Türkmenistanda telekeçilik işjeň ösüş ýolundadyr: täze kompaniýalar döredilýär, eýýäm özüni subut edenler bolsa giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik alýarlar. Şolaryň içinde tejribe bilen innowasiýalary utgaşdyran üstünlikli işewürligiň aýdyň mysallarynyň biri hem «Ak Tam» Hojalyk jemgyýeti bolup durýar.

«Ak Tam» Hojalyk jemgyýeti 1992-nji ýylda Taganowa Akbäbek Nazarowna tarapyndan esaslandyryldy. Geçen ýyllaryň dowamynda kompaniýa gurluşyk, söwda emlägini dolandyrmak we kärendä bermek babatynda iri taslamalary amala aşyryp, Aşgabadyň öňdebaryjy deweloperleriniň biri hökmünde tanaldy. Häzirki wagtda «Ak Tam» HJ işjeň ösmegini dowam edýär hem-de telekeçilik üçin dürli ugurlarda çözgütleri hödürleýär.

Ак Там.jpg

Kompaniýanyň iň iri taslamalarynyň biri «Ak Tam» gurluşyk bazary bolup, ol Türkmenistanyň iň uly ýöriteleşdirilen söwda meýdançasydyr. 17 gektar meýdanda ýerleşýän bu bazar gurluşyk we abatlaýyş işleri üçin zerur bolan harytlaryň baý görnüşini özünde jemleýär.

Bazaryň direktory Çägeliýewa Altyn Şirgylyjownanyň bellemegine görä, bu ýerde ilkinji gurluşyk serişdelerinden başlap, bezeg we dekorasiýa serişdelerine çenli 150 münden gowrak önümiň görnüşi bar. Söwda hatarlarynda halkara brendleriniň resmi distribýutorlary hem-de ýerli öndürijiler işleýärler. Şeýle hem müşderileriň islegi boýunça metal gapylar, derwezeler we beýleki önümler öndürilýän sehler bar.

Ак Там.jpg

Bazarda polatdan öndürilen önümleriň aýratyn orun eýeleýändigini bellemeli: armatura, turba, balka, proförtügi, metal çerepisa, torlar, karkas we dürli birleşdiriji elementleriň giň görnüşi. «Ak Tam» bazary hem lomaý, hem-de bölek söwdagärlere hyzmat edýär. Şeýle-de bazar telekeçilere ammarlary, açyk we ýapyk söwda meýdançalaryny, dükan otaglaryny hem-de önümçilik jaýlaryny kärendä berýär. Mundan başga-da, «Ak Tam» Aşgabadyň dürli künjeklerinde söwda emläklerini kärendä bermek hyzmatyny hem hödürläp, telekeçileriň ösmegi üçin mümkinçilikleri giňeldýär.

«Ak Tam» HJ-niň beýleki iş ugurlarynyň biri bolsa «Akenmar» hyzmatdaşlygyndaky işewürlik bolup, ol telekeçilere önümlerini we hyzmatlaryny bazarda tanatmaga kömek edýär. Agentlik mahabat kampaniýalaryny guramak, taslamalary metbugatda şöhlelendirmek hem-de brendleriň tanalmagyny ýokarlandyrmak bilen meşgullanýar.

«Ak Tam»-yň täze başlangyçlarynyň hatarynda «Telwas» kompaniýasy bilen bilelikde «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde koworking-merkeziniň döredilmegi bar. Bu giňişlik iş duşuşyklaryny, tanyşdyrylyş çärelerini, ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin niýetlener hem-de kompaniýanyň hyzmatdaşlary bilen müşderileriniň aragatnaşyk platformasy bolmak maksady bilen dörediler.

Şeýlelikde, «Ak Tam» Hojalyk jemgyýeti diňe bir ýurdumyzyň iň iri gurluşyk bazary bolman, eýsem, telekeçiligi goldaýan söwdany, önümçiligi we hyzmatlary özünde jemleýän köpugurly kompaniýadyr. «Ak Tam» bazary şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Aýlanyşyk ýoly (täze gümrük terminalynyň aňyrsy). Bazar her gün 08:00-dan 20:00-a çenli işleýär.

«Ak Tam» HJ-niň edara binasy: Aşgabat ş., Ýylgaý Durdyýew köçesi 52, «Ak Enar» binasy.

Habarlaşmak üçin we sosial ulgamlar:

Instagram: aktam.tm

TikTok: aktam.tm

E-mail: aktam.info@gmail.com

Tel: (+99365) 86-16-36; 75-42-06

«Ak Tam» žurnalyna salgylanma: https://biznesarena.online/aktam/belli.html#p=1

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026