BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň ählumumy ösüşe goşýan goşandyna ýokary baha berdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş,Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC) guramaçylykly we üstünlikli geçirilendigini üçin çuňňur minnetdarlyk bildirilýär. Bu çäre 2025-nji ýylyň 5 – 8-nji awgusty aralygynda Awazada geçirildi.
Antoniu Guterriş öz hatynda Türkmenistanyň öňde baryjylygyny hem-de parahatçylyk we köptaraplaýyn dialog ýörelgelerine ozaldan gelýän ygrarlylygy aýratyn belleýär. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan şeýle giň gerimli maslahaty geçirmek üçin oňyn esaslary döretdi. Baş sekretar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dünýäniň çar künjeginden gatnaşyjylary, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlaryny, raýat jemgyýetini, ýaşlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini umumy gün tertibiniň daşyna birleşdirmek boýunça eden tagallalaryna ýokary baha berdi.
“Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmaga mümkinçilik bermek üçin milli hereketleri, sebit hyzmatdaşlygyny, ählumumy syýasy tagallalary özara ylalaşmakda möhüm orny eýeledi” – diýlip, hatda aýdylýar.

Awaza syýasy Jarnamasynyň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň kabul edilmegi, maslahatyň esasy netijesi boldy. Antoniu Guterriş bu resminamalary Geljegiň bähbidine pakt hem-de durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi bilen baglanyşykly bolup, geljek on ýyl üçin hereketleriň meýilnamasydyr diýip atlandyrdy.
Antoniu Guterriş hatynyň ahrynda Türkmenistanyň Prezidentine we ýurduň halkyna mähirli garşylandyklary üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi hem-de Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly we netijeli durmuşa geçirmek işinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.
ORIENT

Tema boýunça
Geografiýany böwetden köprä öwürmek – Gutteriş iş üçin dört sany ileri tutulýan ugry atlandyrdy
32 ýurt üçin aýgytly pursat: BMG we Türkmenistan Hereketleriň Awaza maksatnamasyny işe girizýär
Haçan-da geografiýa bölünmese, pikirler, söwda we innowasiýa birleşýär
Halkara hyzmatdaşlygyň täze standarty: BMG-niň Awazadaky maslahatynyň netijeleri








