HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMGÖM we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi sanly ösüş boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýär

Awgust 27, 2025 | 10:20 |7295
Okuw çäreleri Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllar üçin Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Döwlet maksatnamasyny işläp düzmek taslamasynyň çäklerinde guraldy.Okuw çäreleri Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllar üçin Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Döwlet maksatnamasyny işläp düzmek taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 25–29-njy awgusty aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikde döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri üçin sanly özgertme boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýär.

Okuw çäreleri Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllar üçin Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Döwlet maksatnamasyny işläp düzmek taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Минсвязи Туркменистана и ПРООН проводят тренинги по цифровой трансформации.jpg

Oňa 30-a golaý ministrlikleriň we edara-kärhanalaryň wekilleri, şeýle hem telekeçiler, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri hem-de startap ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Geçirilen kämilleşdiriş okuwlarynyň temalary döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak, sanly strategiýalary işläp düzmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumatlary dolandyrmak we sanlylaşdyrmanyň halkara tejribesi ýaly ugurlary öz içine alýar.

Минсвязи Туркменистана и ПРООН проводят тренинги по цифровой трансформации.jpg

Sessiýalary BMGÖM-nyň sanly özgertme boýunça halkara eksperti Aare Laponin alyp barýar.

Geçirilýän kämilleşdiriş okuwlary Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýasyny we Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, durnukly sanly ykdysadyýeti döretmekde we ösdürmekde özara bähbitli mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026