HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli aň esasynda döredilen täze simsiz zarýad ulgamy has durnukly we täsirli boldy

Awgust 26, 2025 | 16:20 |6824
Ýaponiýanyň Çiba uniwersitetiniň alymlary emeli aňy ulanýan energiýany simsiz geçirmek boýunça öwrülişik dörediji ulgamy işläp taýýarladylarÝaponiýanyň Çiba uniwersitetiniň alymlary emeli aňy ulanýan energiýany simsiz geçirmek boýunça öwrülişik dörediji ulgamy işläp taýýarladylar
Çeşme: hi-tech.mail.ru

Ýaponiýanyň Çiba uniwersitetiniň alymlary emeli aňy ulanýan energiýany simsiz geçirmek boýunça öwrülişik dörediji ulgamy işläp taýýarladylar. Bu ulgam häzirki tehnologiýalaryň ýükden baglylykda ýüze çykýan dartgynlygyň üýtgemeleri we netijeliligiň ýitmegi ýaly esasy meselelerini çözýär.

Synaglaryň dowamynda emeli aň dartgynlygyň üýtgeýşini 18%-den bary-ýogy 5%-e çenli azaldyp bildi. Şeýle hem energiýanyň geçirilmeginiň netijeliligi 86,7%-e çenli ýokarlandy, bu bolsa ozalky usullardan üçden bir bölek has ýokarydyr. Munuň ýerine ýetirilmegi müňlerçe wirtual simulýasiýalarda ulgamyň işini optimizirlemäge mümkinçilik beren maşyn öwrenişiniň (machine learning) netijesidir.

Işläp taýýarlaýjylaryň pikirine görä, täze tehnologiýa elektromobilleri superzarýad stansiýalarynyň tizliginde simsiz zarýadlamagyň ýoluny açar, şeýle hem lukmançylyk implantlaryny durnukly energiýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Alymlaryň işi emeli aňyň diňe bir maglumatlary işlemekde däl, eýsem elektron enjamlaryny taslamak işini hem çaltlaşdyrmaga ukyplydygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026