HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Telefon arkaly dialog: Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýa garadylar

Awgust 25, 2025 | 20:35 |11491
25-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi25-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Çeşme: orient.tm

25-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu şöhbetdeşlik Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda yzygiderli ösdürilýän işjeň syýasy dialogyň çäginde nobatdaky ädim boldy.

Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara giňişligindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik şu ýylyň iýun aýynda gol çekilen ylalaşygyň amaly ýerine ýetirilişine öwrüldi. Şonda Aşgabatda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi. Resminama ýokary derejede yzygiderli aragatnaşyklary we geňeşmeleri göz öňünde tutýar.

Ministrleriň arasyndaky söhbetdeşlik Türkmenistan bilen Russiýanyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýakyn we ynamdar dialogy dowam etdirýändigini görkezýär. Bu diňe bir pikir alyşmak däl, eýsem hereketleri netijeli utgaşdyrmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän esasy meseleler boýunça garaýyşlary deňeşdirmekdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026