HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dostlugyň aýdym-sazly köprüsi: Astrahan “Hazar möwsümleri” fewtiwalynda Türkmenistany diňledi

Awgust 25, 2025 | 19:00 |9021
24-nji awgustda Astrahanyň filarmoniýasynda “Hazar möwsümleri” atly V halkara nusgawy sungat festiwalynyň çäginde Türkmenistandan ajaýyp sowgat bolan konsert geçirildi24-nji awgustda Astrahanyň filarmoniýasynda “Hazar möwsümleri” atly V halkara nusgawy sungat festiwalynyň çäginde Türkmenistandan ajaýyp sowgat bolan konsert geçirildi
Çeşme: guramaçylar tarapyndan berlen

24-nji awgustda Astrahanyň filarmoniýasynda “Hazar möwsümleri” atly V halkara nusgawy sungat festiwalynyň çäginde Türkmenistandan ajaýyp sowgat bolan konsert geçirildi. Tanymal döredijilik maşgalasy Guseýnowlar – opera diwasy Darýa Guseýnowa, kompozitor we pianinoçy Mamed Guseýnow we ýaş zehinli ogly Dariý Guseýnow – Türkmenistanyň baý aýdym-saz medeniýeti bilen tomaşaçylary tanyşdyrdylar.

astrahan-turkmenistan-kaspijskiye-sezony (1).jpg

Konsert halklaryň arasyndaky çuňňur medeni gatnaşyklaryň aýdyň mysaly boldy. Tomaşaçylar Bibijan” ýaly türkmen halk aýdymlaryny, şeýle hem milli kinodaky nusgawy eserleri we aýdymlary diňlediler.

концерт (10).jpg

Olaryň arasynda – kompozitor Çary Nurymowyň “Döwranyň başdan geçirmeleri” filmindäki Döwranyň aýdymy we Nury Halmämmedowyň “Aýgytly ädim” kino filmindäki Aýnanyň balladasy bar.

astrahan-turkmenistan-kaspijskiye-sezony (3).jpg

Mamed Guseýnowyň saz eserleriniň toplumy tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Onuň sazlarynyň owazlary ýürekden çykýan duýgulylygy, çuňňur täsirliligi we reňkli ses palitrasy bilen tapawutlanýar. 11 ýaşly Dariýanyň çykyşy hem şonça täsirli boldy. Moskwanyň “Gelikon-opera” hem-de Russiýanyň Bolşoý teatryndan çagyrylan artist – ýaş aýdymçy we pianinoçy öz ajaýyp wokaly hem-de sahnada özüni alyp barşy bilen tomaşaçylaryň kalbyny eýeledi.

astrahan-turkmenistan-kaspijskiye-sezony (7).jpg

Konsertiň repertuary ýörite şu ýylyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp düzülipdi. Mamed Guseýnowyň belleýşi ýaly, Russiýada 2025-nji ýyl Watan goragçylarynyň ýyly, Türkmenistanda bolsa – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Şonuň üçin maksatnamanyň sanawyna özara düşünişmegiň, dostlugyň we umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini nygtaýan ilkinji gezek ýaňlanjak eserler hem girizildi.

концерт (20).jpg

“Astrahan şäheri meniň üçin dogduk şäherime öwrüldi diýen ýaly. Men birnäçe gezek “Hazar möwsümleri” atly festiwalyna gatnaşdym we hemişe tomaşaçylaryň gyzgyn garşy alşyny duýdum. Şu gün köp adam ýanyma gelip, meniň sazymy ýatlaýandygyny aýtdy — bu bolsa artist üçin örän gymmatly zat” – diýip, Mamed Guseýnow ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

astrahan-turkmenistan-kaspijskiye-sezony (9).jpg

Agşam lirik notada tamamlandy — “Aşyr aganyň mekirligi” atly kinofilmdäki “Söýgüli gözler” aýdymy ýerine ýetirildi, bu bolsa bu mähirli we çyn ýürekden çykyşyň simwoliki tamamlanmasyna öwrüldi.

концерт (49).jpg

Guseýnowlaryň maşgalasynyň konserti Astrahanyň medeni durmuşynda aýdyň waka boldy, sungatyň halklaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin iň ygtybarly köpridigini ýene bir gezek subut etdi.

Your browser does not support HTML5 video.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026