HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli mekdep okuwçylary üçin bäsleşik yglan edildi

Awgust 25, 2025 | 12:00 |6134
Ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşigini yglan etdilerOzon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşigini yglan etdiler
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

Ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşigini yglan etdiler.

Bäsleşige Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler. Bäsleşigiň baş maksady mekdep okuwçylarynyň ozon gatlagyny goramak baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden, ylmy-barlag we döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybarat bolup durýar.

Şertleri: Gatnaşyjylar «Ozon gatlagyny gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin adamlar näme edip biler?» diýen tema boýunça görkezme esbap (maket) we taslama işini taýýarlamaly. Görkezme esbap klimaty we ozon gatlagyny goramak babatda öňe sürülýän çäreleri aýdyň şöhlelendirmeli. Taslama işiniň göwrümi bolsa degişlilikde 5-10 sahypalyk tekstden ybarat bolmaly.

Bäsleşige gatnaşyjylar taýýarlan işlerini 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 26-na çenli “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasyna tabşyrmaly. Işlere ýörite düzülen topar tarapyndan kesgitlenen ölçeglere laýyklykda baha berler.

Gatnaşyjylaryň ählisine guramaçylar tarapyndan sertifikatlar, ýeňijilere höweslendiriji ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Salgy: Aşgabat şäheri, Köpetdag etrabynyň Azady köçesiniň 61-nji jaýy

Habarlaşmak üçin telefonlar: 94-03-26(19), +99364268432

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026