HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Midnight elektrik aerotaksisi rekord uçuşyny amala aşyrdy

Awgust 22, 2025 | 15:00 |6184
eVTOL elektrik uçarlaryny döretmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanýan Archer Aviation üstünlikli rekord synag uçuşyny geçirdieVTOL elektrik uçarlaryny döretmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanýan Archer Aviation üstünlikli rekord synag uçuşyny geçirdi
Çeşme: Archer Aviation

eVTOL elektrik uçarlaryny döretmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanýan Archer Aviation üstünlikli rekord synag uçuşyny geçirdi. Pilotly Midnight enjamy 31 minutda takmynan 88 kilometre aralygy geçdi, bu bolsa howa taksi hyzmatlarynyň işe girizilmegine tarap möhüm ädim boldy.

Uçuş Kaliforniýada geçirildi we Midnight uçarynyň esasy aýratynlyklaryny — ygtybarlylygyny, ýokary energiýa tygşytlylygyny hem-de pes ses derejesini tassyklady. Uçaryň iň ýokary tizligi sagatda 241 kilometre ýetdi. Synag uçuşyny kompaniýanyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolan United Airlines-niň maliýe direktory hem synlady.

Kompaniýa häzirki wagtda Midnight uçaryny ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy gullugynda sertifikatlaşdyrmaga taýýarlap başlady. Ilkinji söwda gatnawlarynyň 2026–2027-nji ýyllarda Birleşen Arap Emirliklerinde işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Uçar dört ýolagçy üçin niýetlenendir we bary-ýogy 10–15 minutda doly zarýad alýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026