HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Awazada gepleşik geçirdiler

Awgust 22, 2025 | 13:45 |8886
Şu gün «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn hem-de resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.Şu gün «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn hem-de resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy

Şu gün «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn hem-de resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň açylyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentine Serdar Berdimuhamedowyň adyndan tüýs ýürekden gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Öz gezeginde, Özbegistanyň Prezidenti ýurduň ýolbaşçylaryny hem-de türkmen halkyny şu aýyň başynda Awazada geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji Maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

2

Gepleşikleriň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda özbek-türkmen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek we berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ýokary ösüşi bellenildi.

Şu ýylyň başyndan bäri döwletleriň arasyndaky söwda dolanyşygy 700 million dollara barabar boldy. Fewral aýyndan bäri erkin söwda düzgünleri hereket edýär, paýtagtlarda söwda öýleri açyldy, senagat, energetika, ulag, oba hojalygy we suw hojalygy hem-de ykdysadyýetiň beýleki ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar. «Şawat – Daşoguz» söwda zolagyny işe girizmäge taýýarlyk işleri tamamlanýar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýokary derejede geçiriljek duşuşyklara taýýarlyk meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar, hökümetara toparlaryň we Işewür geňeşiniň medeni çäreleriň çäklerinde netijeli işiniň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi we «Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan» formatynda alnyp barylýan gepleşikleriň amaly ähmiýeti boýunça pikir alşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026