HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin Siszan sebitiniň etniki toparlaryň we jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Awgust 21, 2025 | 12:02 |7737
Hytaý Halk RespublikasyHalk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin awgustyň 20-nde ýurduň Günorta-Günbataryndaky Siszan awtonom welaýatynyň dürli etniki toparlarynyň hem-de jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen duşuşdy.Hytaý Halk RespublikasyHalk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin awgustyň 20-nde ýurduň Günorta-Günbataryndaky Siszan awtonom welaýatynyň dürli etniki toparlarynyň hem-de jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Çeşme: cctvplus.com

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin awgustyň 20-nde ýurduň Günorta-Günbataryndaky Siszan awtonom welaýatynyň dürli etniki toparlarynyň hem-de jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary we Merkezi Harby Geňeşiň başlygy bolan Si Szinpin, Siszandaky dürli etniki toparlaryň ilatyna mähirli salamyny we tüýs ýürekden arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşyk geçirilýän ýere geleninden soňra, Si Szinpin oňa gatnaşýanlary mähirli garşylap, wekiller bilen söhbetdeş boldy hem-de olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Şol gün Si Szinpin Siszan sebitiniň ösüşine ýardam bermek üçin saýlanyp alnan işgärler, häzirki we ozalky resmi işgärler, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri bilen aýratyn duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem ol watançylyk ruhunda çykyş edýän dini işgärler we buthanalary dolandyrmak boýunça komitetleriň agzalary bilen söhbetdeş boldy.

Günüň ikinji ýarymynda Si Szinpin Lhasda ýerleşýän polkownikden ýokary derejeli harby ýolbaşçylar we öňe saýlanan raýat işgärleri bilen duşuşdy. Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň hem-de Merkezi Harby Geňeşinjň adyndan Si Szinpin, Tibetde gulluk edýän ähli ofiserlere we esgerlere mähirli salamyny ýetirdi we duşuşyga gatnaşanlar bilen ýadygärlik surata düşdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026