HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple ABŞ-nyň ykdysadyýetine 100 milliard dollar maýa goýýar

Awgust 20, 2025 | 15:00 |5495
Apple kompaniýasy Amerikanyň ykdysadyýetine uly maýa goýumlaryny goýjakdygyny habar berýärApple kompaniýasy Amerikanyň ykdysadyýetine uly maýa goýumlaryny goýjakdygyny habar berýär
Çeşme: Sora

Apple kompaniýasy Amerikanyň ykdysadyýetine uly maýa goýumlaryny goýjakdygyny habar berýär. Goşmaça 100 milliard dollar umumy maýa goýumynyň 4 ýylyň dowamynda 600 milliard dollara ýetmegine mümkinçilik berer. Bu ädim kompaniýanyň ABŞ-daky barlygyny giňeltmek isleýändigini açyp görkezýär.

Bu başlangyjyň esasy elementleriniň biri American Manufacturing Program (AMP) atly täze maksatnamadyr. Onuň esasy maksady – Birleşen Ştatlaryň çäginde komponent önümçiligini ösdürmegi höweslendirmek we Apple önümçilikleri üçin amerikan üpjünçilik zynjyryny güýçlendirmekdir.

Maksatnamanyň çäklerinde Apple, dünýäde iň uly iPhone we Apple Watch üçin aýna önümçiligini gurjak Corning ýaly öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýene bir hyzmatdaşy bolan Coherent kompaniýasy bolsa, Tehasda Face ID funksiyasy üçin lazerleri öndürer. Şeýle hem, Apple, kremniý çiplerini öndürmek üçin doly amerikan üpjünçilik zynjyrynyň üstünde iş alyp barýar hem-de 2025-nji ýyla çenli hyzmatdaşlarynyň ýylda 19 milliarddan gowrak çip öndürmegini göz öňünde tutýar.

Önümçiligi ösdürmekden başga-da, Apple ABŞ-da esasan barlaglar, programma üpjünçiligi we emeli aň ugurlarynda 20,000 adamy işe almagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, kompaniýa, diňe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak bilen maglumat merkezlerini giňeltýär we kiçi telekeçiligi goldamak maksady bilen Detroýtda Apple Manufacturing Academy-ýany açdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026