HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda täze ERTE dokma brendi meşhurlyk gazanýar

Awgust 20, 2025 | 09:57 |27505
Türkmenistanda «Abrayly Dostlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredilen täze dokma brendi ERTE çalt depginde meşhurlyk gazanýar.Türkmenistanda «Abrayly Dostlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredilen täze dokma brendi ERTE çalt depginde meşhurlyk gazanýar.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda «Abrayly Dostlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredilen täze dokma brendi ERTE çalt depginde meşhurlyk gazanýar. Gysga wagtyň içinde bu marka tehnologiýa bilen estetika sazlaşygyny özünde jemläp, ertirki günüň matalaryny öndürýän brend hökmünde tanalyp başlady.

текстильный бренд ERTE.jpg

ERTE brendiniň aýratynlygy – matalaryň önümçiliginiň doly integrirlenen bolmagydyr: polipropilenden taýýar dokma önümlerine çenli ähli proses bir ýerde ýerine ýetirilýär. Şeýle çemeleşme çig maldan başlap, taýýar önümçilige çenli ähli basgançaklary doly gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýokary hili, durnuklylygy we müşderileriň isleglerine çalt uýgunlaşmagy üpjün edýär.

Brend üç esasy ugury ösdürýär:

🔹 ERTE In™ – öý we mebel bezegi, ýassyklar we dizaýn çözgütleri üçin mata görnüşleri. Bu matalar ýumşaklygy, berkligi we estetiki görnüşi özünde jemleýär.

🔹 ERTE Out™ – daşky bezeg üçin niýetlenen matalar. UV şöhlelerine, çyglylyga, hapalanylmagyna we könelmä garşy durnuklydyr. Köplenç açyk howada ulanylýan mebel, kenar enjamlary, kölege gurluşlary we çadyrlar üçin peýdalanylýar.

🔹 ERTE Tech™ – gurluşyk, oba hojalygy we senagat üçin niýetlenen tehniki matalar. Uly dykyzlyk, ýokary berklik we durnuklylyk bilen tapawutlanýar.

текстильный бренд ERTE 2.jpg

Täze brendiň arkasynda halkara hil ölçeglerine we yzygiderli ösüşe gönükdirilen hünärmenler topary durýar. Önümçilik ugurlary häzirki zaman Ýewropa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we ähli önümçilik prosesi Türkmenistanyň çäklerinde alnyp barylýar.

Brendiň esaslandyryjylar şeýle diýýärler: «Biziň filosofiýamyz ýönekeý: siz estetika bilen tehnologiýanyň arasynda saýlamaly dälsiňiz. Biz size ikisini hem hödürleýäris».

текстильный бренд ERTE 3.jpg

Öňdebaryjy tehnologiýalaryň we dizaýna berilýän ünsüň utgaşmasy netijesinde ERTE önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem halkara derejesinde hem islegli bolýar.

Brend bilen hyzmatdaşlyk üçin aragatnaşyk maglumatlary:

www.ertefabrics.com

📧 info@ertefabrics.com

📞 +993 64 630881

Instagram: @erte_fabric_tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026