HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Java: Näme üçin 30 ýyl mundan ozal döredilen dil häzirem şeýle meşhur

Awgust 19, 2025 | 09:00 |32224
Java dünýäde iň meşhur we ygtybarly programmirleme dilleriniň biridir. Onuň eýýäm 30 ýyly dolsa-da, ol entegem iň islegli dilleriň ikinji ornunda durýarJava dünýäde iň meşhur we ygtybarly programmirleme dilleriniň biridir. Onuň eýýäm 30 ýyly dolsa-da, ol entegem iň islegli dilleriň ikinji ornunda durýar
Çeşme: GitHub

Java dünýäde iň meşhur we ygtybarly programmirleme dilleriniň biridir. Onuň eýýäm 30 ýyly dolsa-da, ol entegem iň islegli dilleriň ikinji ornunda durýar. Onuň esasy aýratynlygy — köpugurlylygydyr: Java dilinde ýazylan programmalar islendik enjamda diýen ýaly işläp bilýär.

Bu nähili işleýär

Java-nyň köpugurlylyk syry — Java Wirtual enjamydyr (JVM). Bu ýörite programma bolup, kody özünde gurlan islendik enjamda işledýär: Androidly smartfon, Windowsly kompýuter ýa-da başga ulgam. Şonuň üçin programmist programmany bir gezek ýazsa, ol islendik ýerde işläp biler.

Java-nyň beýleki möhüm aýratynlyklary:

• Çeýeligi: Java programmalar «kerpiçlerden» (obyektlerden) gurulýar, olary birnäçe gezek ulanyp bolýar.

• Köp wezipeliligi: Java bir wagtyň özünde birnäçe işi ýerine ýetirip bilýär, şonuň üçin ol çylşyrymly hyzmatlary we programmalary döretmek üçin iň amatlydyr.

• Awtomatiki arassalaýjy: Java ýatda galan gereksiz zatlary özi tapyp, ýok edýär. Bu programmistiň işini ýeňilleşdirýär.

• Taýýar çözgütler kitaphanasy: Java-nyň taýýar uly gurallary toplumy bar, olar çylşyrymly programmany tiz we aňsat döretmäge mümkinçilik berýär.

Java haýsy ugurlarda ulanylýar

Ýgtybarlylygy we köpugurlylygy sebäpli Java dürli ugurlarda giňden ulanylýar:

• Android programmalary: Meşhur mobil programmalaryň köpüsi Java-da döredilen.

• Korporatiw ulgamlar: Banklar we iri kompaniýalar ony ygtybarly we durnukly platformalary döretmek üçin ulanýarlar.

• Uly maglumatlary işlemek: Java örän köp maglumat bilen işlemek üçin amatlydyr.

• Web hyzmatlary: Çylşyrymly web programmalary döretmekde ulanylýar.

• Beýleki ugurlar: Java hatda oýun senagatynda (meselem, Minecraft oýny) we önümçilik ulgamlarynda-da ulanylýar.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Islendik dilde bolşy ýaly Java-nyň hem öz artykmaçlyklary we kemçilikleri bar.

Artykmaçlyklary:

• Ýokary howpsuzlyk we durnuklylyk.

• Öwrenmek üçin aňsat sintaksis.

• Platformadan garaşsyzlyk we köpugurlylyk.

• Uly we işjeň işläp taýýarlaýjylar jemgyýeti.

Kemçilikleri:

• Ýerine ýetiriş tizligi C++ ýaly dillere garanyňda pes bolup biler.

• Wirtual enjam arkaly işleýänligi sebäpli ýady has köp ulanýar.

Bu kemçiliklere garamazdan, Java başlanýanlar üçin hem iň gowy saýlawlaryň biridir, sebäbi ony öwrenmek IT-niň dürli ugurlaryna ýol açýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026