HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edişligi dowam edýär

Awgust 13, 2025 | 17:33 |5488
Türkmenistanyň sanly tehnologiýalarynyň ösüşine gönükdirilen «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalarynyň bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edişligi dowam edýär.Türkmenistanyň sanly tehnologiýalarynyň ösüşine gönükdirilen «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalarynyň bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edişligi dowam edýär.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň sanly tehnologiýalarynyň ösüşine gönükdirilen «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalarynyň bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edişligi dowam edýär. Gatnaşmak üçin telecom.tm «Türkmentelekom» EAK-nyň resmi saýtynda 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli hasaba alynmak mümkin.

Bäsleşik esasy ugurlary öz içine alýar: emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” şäher konsepsiýasy, sanly lukmançylyk, elektron bilim hem-de hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy.

Taslamalar döwrebaplylygy, innowasion aýratynlyklary, ykdysady taýdan netijeliligi, peýdalanmakda amatlylygy, dizaýn çözgüdi, kanunçylyga laýyklylygy, şeýle-de özboluşlylygy we programma üpjünçiligi üçin çeşme kodunyň barlygy boýunça seljeriler. Gatnaşyjylar şahsy ýa-da üç adama çenli topar görnüşinde çykyş edip bilerler.

Hasaba alynmak üçin arzany, gatnaşyjylaryň pasport nusgalaryny hem-de taslamanyň düşündirişini tabşyrmaly.

Ýeňijiler «Türkmentel – 2025» atly XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026