HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Google täze wirtual dünýäleri döretmek üçin niýetlenen Genie 3 modeli bilen tanyşdyrdy

Awgust 08, 2025 | 15:30 |5100
Google wirtual dünýäleri generirlemek üçin niýetlenen Genie 3 modeliniň täze görnüşini döretdi. Bu neýroulgamy ýönekeý tekst düşündirişi ýa-da surat esasynda hakyky wagt tertibinde interaktiw gurşawlary döredip bilýärGoogle wirtual dünýäleri generirlemek üçin niýetlenen Genie 3 modeliniň täze görnüşini döretdi. Bu neýroulgamy ýönekeý tekst düşündirişi ýa-da surat esasynda hakyky wagt tertibinde interaktiw gurşawlary döredip bilýär
Çeşme: hi-tech.mail.ru

Google wirtual dünýäleri generirlemek üçin niýetlenen Genie 3 modeliniň täze görnüşini döretdi. Bu neýroulgamy ýönekeý tekst düşündirişi ýa-da surat esasynda hakyky wagt tertibinde interaktiw gurşawlary döredip bilýär. Döredilýän dünýäleriň iň ýokary hil derejesi sekuntda 24 kadr tizligi bilen 720p bolup biler.

Esasy täzelikleriň arasynda modeliň «ýadynyň» ep-esli giňeldilmegi bar: öňki wersiýasy döredilen dünýäniň bitewiligini bary-ýogy 10 sekuntlap saklap bilýän bolsa, Genie 3 ýerleşýän ýerleri birnäçe minutlap ýatda saklaýar. Mundan başga-da, hakyky wagt tertibinde tekst buýruklarynyň üsti bilen dünýäleri üýtgetmek mümkinçiligi peýda boldy — täze obýektleri goşmak ýa-da hakyky fizikanyň hasaba alynmagy bilen howany üýtgetmek mümkin.

Mümkinçilikleriniň täsirli bolmagyna garamazdan, Genie 3 modeliniň çäklendirmeleri hem bar. Model hakykatdan bar bolan ýerleri gaýtadan döredip bilmeýär, şeýle hem käwagt «galýusinasiýa» täsirini döredýär — meselem, gahrymanlaryň ýöreýşini nädogry görkezýär. Häzirki wagtda Genie 3-e elýeterlik ýapyk ýagdaýda, emma Google ony kämilleşdirmek üçin sany çäkli bilermenlere we alymlara hödürlemegi meýilleşdirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026