HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar suw otlaryndan doly gaýtadan işlenip bilinýän täze berk plastigi döretdiler

Awgust 09, 2025 | 17:30 |5508
Wirjiniýanyň Tehnologik Institutynyň alymlar topary tebigy materiallardan plastik öndürmegiň düýpgöter täze usulyny işläp taýýarladyWirjiniýanyň Tehnologik Institutynyň alymlar topary tebigy materiallardan plastik öndürmegiň düýpgöter täze usulyny işläp taýýarlady
Çeşme: Spencer Coppage

Wirjiniýanyň Tehnologik Institutynyň alymlar topary tebigy materiallardan plastik öndürmegiň düýpgöter täze usulyny işläp taýýarlady. Olar esasy çig mal hökmünde giňden elýeterli bolan gök-ýaşyl suw oty — spirulinany ulanmak arkaly berk we doly gaýtadan işlenip bilinýän material aldylar.

Usulyň esasy aýratynlygy şundan ybarat: biomassa öňünden gaýtadan işlenmän, dolulygyna ulanylýar. Ol sintetiki bölekler bilen birlikde şar görnüşli degirmende garyşdyrylýar. Tutuş proses bary-ýogy bir ýarym sagat dowam edýär, adaty barlaghana usullary bolsa iki güne çenli dowam edip bilerdi.

Alnan material diňe bir berkligi bilen däl, eýsem, doly gaýtadan işlenmäge bolan aýratyn ukyby bilen hem tapawutlanýar. Ony birnäçe gezek gaýtadan eredip bolýar, şeýle hem ony dolulygyna başlangyç himiki böleklere we biomassa görnüşine bölüp bolýar. Şol bölekler soňra gaýtadan ulanylyp bilner. Şeýle usul galyndylaryň döremegini aradan aýyrýar.

Işläp taýýarlaýjylar bu tehnologiýany oba hojalyk galyndylary ýaly beýleki biomassa görnüşlerine-de uýgunlaşdyryp boljakdygyny belleýärler. Bu usul ýönekeý, elýeterli we ekologiýa taýdan howpsuz bolandygy üçin, planetamyzyň hapalanmagy bilen göreşde ägirt uly öňe gidiş bolup biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026