HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň möhüm täzelikleri: Hepdäniň wakalaryna syn (2–8-nji awgust)

Awgust 09, 2025 | 16:00 |5535
Şu hepde (2–8-nji awgust) Hytaýda içerki syýasatdan we medeniýetden kosmos barlaglaryna çenli giň ugurlary öz içine alýan birnäçe möhüm wakalar bolup geçdiŞu hepde (2–8-nji awgust) Hytaýda içerki syýasatdan we medeniýetden kosmos barlaglaryna çenli giň ugurlary öz içine alýan birnäçe möhüm wakalar bolup geçdi
Çeşme: substack.com

Şu hepde (2–8-nji awgust) Hytaýda içerki syýasatdan we medeniýetden kosmos barlaglaryna çenli giň ugurlary öz içine alýan birnäçe möhüm wakalar bolup geçdi.

1. 15-nji bäşýyllyk meýilnama taýýarlygy

Hytaý hökümeti ýurduň 2026–2030-njy ýyllar üçin 15-nji bäşýyllyk ösüş meýilnamasyny taýýarlamak maksady bilen, internet arkaly jemgyýetçilik pikirlerini işjeň ýygnap başlady. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bu teklipleri nazara almagyň möhümdigini nygtady. Hytaý Kommunistik Partiýasynyň oktýabrda geçiriljek Dördünji plenumynda bu döwür üçin ykdysady «ýol kartasy» esasy mesele bolar.

2. Beýdaýhe ýyllyk sapary

Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýokary wezipeli işgär Sаý Si Beýdaýhe dynç alyş şäherine çagyrylan görnükli alymlaryň we ýaş hünärmenleriniň ýanyna baryp gördi. Bu duşuşyk, bilermenleriň ýurduň ösüşine goşan goşantlaryny hormatlamak üçin ýolbaşçy düzüminiň uzak ýyllardan bäri dowam edýän däbine öwrüldi.

3. Dalaý-lamanyň täzeden dünýä inmegi baradaky garaýyş

Hytaý hökümeti Dalaý-lamanyň täzeden dünýä inmegi baradaky gutarnykly karary kabul etmekde öz «inkär edip bolmajak hukugynyň» bardygyny ýene bir gezek beýan etdi. Sizan awtonom sebitiniň başlygy Gama Sedaýn we Hytaý Buddistler Birleşigi bu adyň taryhyň dowamynda merkezi hökümet tarapyndan tassyklanýandygyny bellediler.

4. Nankin gyrgynçylygy baradaky film çykdy

Hytaýda 1937-nji ýyldaky Nankin gyrgynçylygyna bagyşlanan «Hukuk üçin ölüm» atly film prokata çykdy. Režissýor Şen Ao bu filmiň pajygaly wakalara dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekde we parahat ýaşaýyşyň, edermenligiň hem-de gaýduwsyzlygyň taryhy hakydasyny ýatda saklamakda ähmiýetini nygtady.

5. Aý maksatnamasynda ösüş

Hytaý 2030-njy ýyla çenli ilkinji adamy Aýa düşürmek maksady bilen bu ugurda alnyp barýan işlerini dowam etdirýär. Şu hepde «Lanýue» atly adamly Aý modulynyň gonuş we uçuş boýunça giňişleýin synaglary üstünlikli geçirildi. Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde «Çane-7» we «Çane-8» missiýalarynyň 2029-njy ýyla çenli geçirilmegi meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026